RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nguen Fu Çongy Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.  Milli Liderimiz Nguen Fu Çonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat hem-de ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine bu jogapkärli döwlet wezipesinde üstünlik gazanmagy arzuw etdi.

DOWAMY
pic
27 Okt

Stambulda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli resmi agşamlyk nahary berildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan, 2018-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Stambul şäherinde ýerleşýän “Hilton” myhmanhanasynyň Şadyrwan zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 27 ýyllygy mynasybetli resmi agşamlyk nahary berildi. Resmi agşamlyk nahary Türkmenistan döwletimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşleri mahabatlandyrýan wideo-şekilli görnüşler bilen utgaşdyryldy. Dabaraly baýramçylyk çäresine Stambul welaýatynyň häkiminiň orunbasary İsmail...

DOWAMY
pic
27 Okt

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşlary açýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir...

DOWAMY
pic
27 Okt

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GFR-ň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bundestagynyň (Parlamentiniň) Merkezi Aziýa boýunça parlamentara toparynyň başlygy Manfred Grundyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar, üstünlikli ösýän türkmen-german hyzmatdaşlygynyň gidişini belläp, gejekde parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi we iki ýurduň deputatlarynyň arasyndaky özaragatnaşyklary...

DOWAMY
pic
26 Okt

Türkmen–amerikan syýasy geňeşmeleri tamamlandy

2018-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň DIM-niň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri dowam etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak, energetika, suw hojalygy we sebitleýin integrasiýasy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara aly...

DOWAMY
pic
26 Okt

Duşenbede Türkmen–Täjik hökümetara toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 25–26-njy oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen–täjik toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Ýokarda agzalan toparyň türkmen böleginiň düzümine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri we täjik böleginiň düzümine bolsa Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň barşynda goňşy döwletler bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny w...

DOWAMY
pic
25 Okt

Rumyniýada Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda”, “Türkmensitan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” we “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çärä Diplomatik institutyň wekilleri, Rumyniýanyň jemgyýet...

DOWAMY