SOŇKY HABARLAR
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — täze senenamamyza laýyklykda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda ilkinji gezek giňden bellenýän Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk berkararlygymyzyň, agzybirligimiziň we jebisligimiziň berk binýadydyr. Ata Watanymyzyň iň täze taryhy, häzirki ö...
С Днём независимости Туркменистана главу государства поздравляют зарубежные лидеры
?Я рад выразить самые тёплые поздравления народу Туркменистана по случаю Дня независимости. Организация Объединённых Наций совершенствуется усилиями своих членов, объединившись под лозунгом «Мы, народы» осуществляет цели, закреплённые в нашем основополагающем Уставе. Во времена глобальных вызовов, а также больших возможностей, эти цели являются связующим и объединяющим нас звеном. В канун празднования Дня независимости Туркменистана хочу заверить Вас в моём активном участии в создании эффект...
Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlygyň 27 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady hem-de türkmen halkyna bagt we abadançylyk, mundan beýläk-de okgunly ösüş arzuw etdi. Işewüriň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy...
Türkmenistanyň DIM-de ÝB wekiliýeti bilen duşuşyk
2018-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçip, taraplar energetika ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň indiki ädimlerine garadylar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp taraplar Türkme...
Resmi habar
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde erkin bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini dowam etdirmek hem-de Türkmenistanyň raýatlary üçin elektrik energiýasynyň, gazyň, ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň ilatyna elektrik energiýasynyň, gazyň, agyz suwunyň we...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka öwrülen umumymilli maslahatyň gün tertibine türkmen döwletini we jemgyýetini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, esasy maksady halkymyzyň aba...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden ÇYKYŞY
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary! Hormatly ýaşulular! Şu gün biz dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirýäris. Bu waka Bitarap Watanymyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenýän mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öň ýanynda bolup geçýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana halkymyz we dünýä bileleşigi üçin örän ähmiýetli t...