SOŇKY HABARLAR
Zambiýa Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2018-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Zambiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Şadrek Ç. Luwita bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapynyň wekiline ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşryp, Ilçi Luwita ikitaraplaýyn gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykarmakda ähli tagallalary etjekdigine taýýarlygyny bildirdi. Öndürijilikli we netijeli...
Aşgabatda dine uýmak azatlygy meseleleri boýunça tegelek stoly geçirildi
2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda dine uýmak azatlygy meseleleri boýunça tegelek stoly geçirildi. Gepleşikleriň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Müftiliginiň, şeýle hem dürli dini guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary giriş sözi bilen çyky...
Türkmenistan we Gwineýa-Bisau ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar
2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Gwineýa-Bisaunyň Saud Arabystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Mamadu Sano bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy berkitmeklik ugrundaky, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de mundan beýläk hem halkara guramalaryň çäklerinde özara g...
Kolumbiýanyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2018-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlaryny gowşurmak maksady türkmen paýtagtyna gelen Kolumbiýanyň Türkmenistandaky (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Alfonso Lopes Kabalýero bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen-kolumbiýa gatnaşyklaryny ösdürmek işinde jogapkärçilikli wezipesine bellenilmegi bilen Ilçini gutlap, türkmen tarapy Kolumbiýa bilen gatnaşyklary berkitmekde we geljekde ösdürmekde ýurduň aýratyn ünsüni be...
Moskwa şäherinde “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi we onuň täsirine ýanaşmak” atly medeni çäre geçirildi
2018-nji ýylyň iýun aýynyň 5-ine Moskwa şäherinde “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi we onuň täsirine ýanaşmak” atly medeni çäre geçirildi. Rerihler Muzeýiniň (Gündogar döwlet muzeýiniň şahamçasy) çäklerinde we zallarynda sebitiň döwletleriniň ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň merkezi bölegi bolan Türkmen döwletiniň taryhy wezipesi bilen Beýik Ýüpek ýolunyň arabaglanyşygy mowzugyny şöhlelendirmäge gönükdirilen täsirli waka bolup geçdi. Çäräniň guramaçylary bolan Türkmenistanyň...
Press-Reliz
Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk - ÝHHG-niň ministrler derejesindäki sebitl maslahatynyň üns merkezinde «Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanşyk - ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» - ÝHHG we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde gurnan ÝHHG-niň ministrler derejesindäki sebitl maslahatynyň temasy boldy. Maslahat öz işini 2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda tamamlady. Iki günlük maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden we Owganystandan, we ÝHHG-niň hy...
Parlamentara Birleşiginiň Baş Sekretary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2018-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Parlamentara Birleşiginiň Baş Sekretary (PB) Martin Çungong bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Parlamentara Birleşiginiň işiniň esasy ugurlaryny, şeýle hem bu guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan PB-ni dürli döwletler hem-de PB-niň milli parlament wekiliýetleri bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam...