SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda türkmen-türk syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi
2018-nji 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türk tarapynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçi Ümit Ýardym ýobaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy gatnaşyklaryň ulgamlarynda ýola goýulan gepleşiklerini geljekde ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny bildirip, döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine garadylar. Gatnaşyklaryň ösüşiniň gidişi bilen hoşal...
BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goramak boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdi
2018-nji ýylyň 9-njy martynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi (BMG AHG) Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 70-ýyllygynyň çarçuwasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goramak boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdi. Bu resminama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we wezipelerine hem-de Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda adam hukuklaryny w...
Türkmenistan we Bangladeş Halk Respublikasy hyzmatdaşlygyň geljekdäki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
2018-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Bangladeş Halk Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Şähriýar Alam bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda Türkmenistan bilen Bangladeş Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny seljerip, taraplar olary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdylar. Şu jähtden taraplar ýokary derejedäki saparlaryň, şeýle hem iki ýurdyň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatda...
Türkmenistan we Tatarstan Respublikasy hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
2018-njy ýylyň 7-nji martynda Aşgabat şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň öňdenbaryjy ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow, tatar tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Tatarstan Respublikasynyň Sena...
Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministrliginiň orunbasary bilen duşuşyk boldy
2018-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus iş toparynyň çäklerinde söwda we maýa goýuma ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparynyň 5-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen A.W.Gruzdewyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus iş toparynyň çäklerinde söwda we maýa goýuma ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki t...
Türkmenistanyň DIM-nde GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary bilen duşuşyk
2018-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň parlament saýlawlarynyň monitoringi üçin GDA-niň Synçylar wekiliýetine baştutanlyk edip türkmen paýtagtyna gelen GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen duşuşdy. 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar maslahatlaşmalaryň esasy temasyna öwrüldi. GDA-ni...
Berlinde saglygy goraýyş boýunça VII türkmen-german forumy geçirildi
2018-nji ýylyň 5 - 6-njy martynda Berlinde saglygy goraýyş boýunça nobatdaky, VII türkmen-german forumy geçirildi. Onda lukmançylyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek üçin täze ugurlara garaldy. Bu gezek ortopediýa, şol sanda çagalar ortopediýasy hem-de fizioterapiýa meselelerine üns berildi. Türkmenistanda we Germaniýada lukmançylygyň bu ugurlarynyň ýagdaýy boýunça çykyşlar guraldy, keselleriň öňüni alyş işi şöhlelendirildi, ortopediýa tehni...