SOŇKY HABARLAR
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegindäki Aşgabatda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň netijesinde kabul edilen Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň gün tertibiniň 19(i) bölüminiň resminamasy hökmünde çap edildi.
BMG-nyň Baş Assambleýasy «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamany kabul etdi
2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama (rezolýusiýa) Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Resminama 74 sany döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi. Kararnamada durnukly ulagyň ornuny gowulandyrmaga we iş ýerlerini döretmegi...
Ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň duşuşygy
2017-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Hemişelik utgaşdyryjysynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Bütindünýä saglyk guramasynyň, BMG-niň ilat gaznasynyň Türkmenistanda akkreditirlenen wekilleri we ýolbaşçylary, şeýle hem Türkme...
ÝHHG Türkmenistanda tebigy betbagytçylyklarda we agyr ýagdaýlarda adatdan daşary komegiň gurallary boýunça okuw sapaklaryny gurnady
2017-nji ýylyň 14-15-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet topary we beýleki degişli edaralar üçin “Tebigy betbagytçylyklarda we adatdan daşary ýagdaýlarda netijeli täsir etmegiň gurallary” atly hünär okuwlary geçirildi. Iki günlik çäre adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmegiň çäklerinde öňüni alyş we taýýarlyk görüş işlerine bagyşlandy, şeýle-hem adatdan daşary ýagdaýlarda jemgyýetiň...
Türkmenistanyň Prezidenti 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklady
15-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer S. Toýlyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirligi bilen bilelikde taýýarlan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyny hödürledi. Maksatnama 2018-2021-nji ýyllarda üçin niýet...
Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar
Turgundy bekediniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, Owganystanyň çäklerinde demir ýoluň gurluşygy meýilnama laýyklykda barýar. Bular barada ulag we aragatnaşyk meseleleri boýunça wise-premýer B. Annameredow hökümetiň mejlisinde habar berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, türkmen hünärmenleri iş meýilnamasyna laýyklykda, polat ýoluň gurluşygyny tapgyrlaýyn alyp barýarlar. Demir ýol gurluşykçylarynyň şu günlerdäki iş depgini işleriň öz möhletinde ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün ed...
Hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Sizi dünýä bileleşigi bilen bilelikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ilkinji gezek giňden bellenýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bitaraplyk türkmen halkynyň, dünýä bileleşiginiň ynsanperwer maksatlaryny rowaçlandyrýar. Döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy hem-de hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berkarar döwleti...