SOŇKY HABARLAR
AŞGABAT 2017 BOÝUNÇA SANLY MAGLUMATLAR
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 16-njy sentýabrda badalga alar. Ýaryşyň birinji gününde Oýunlaryň medal gowşurylyş dabaralarynyň ilkinjileri (türkmen milli göreşi we jiu-jitsu boýunça) we ertesi güni, ýagny 17-nji sentýabrda Oýunlaryň açylyş dabarasy geçiriler. Yklymda geçirilýän iň uly sport çäreleriň biri bolan Aşgabat 2017 barada maglumat taýýarlananda, gurluşyk we infrastruktura, iýmit üpjünçiligi, Aziýada we Okeaniýadan geljek türgenleri ýerleşdirmek boýunça gör...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Premýer-minitriniň orunbasary - Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň diwanynyň ýolbaşçysy Sergeý Eduardowiç Prihodkonyň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere uly üns berip, şeýle hem döwletara gatnaşygyny...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDAKY TELEFON SÖHBETDEŞLIGI
2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda rus tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi we onuň dowamynda iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu söhbetdeşligiň çäklerinde esasy üns ýokary derejedäki türkmen-rus duşuşygynyň taýýarlygyna gönükdirildi.
GRUZIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI GIORGI KWIRIKAŞWILINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY
2017-nji ýylyň 29-30-njy awgustynda Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili Aşgabatda resmi sapar bilen boldy. 30-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gruzin hökümetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi. Gruziýanyň Premýer-ministri bilen salamlaşyp, Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň netijelerine kanagatlanma...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-GRUZIN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 30-njy awgustynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-gruzin hökümetara toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşygy açyp, toparyň başlyklary döwletara dialogyň ýokary derejesini belläp geçdiler we Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň öndürijilikli hyzmatdaşlygyny işjeň giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar. Türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň st...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ERMENISTANA RESMI SAPARY
2017-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynda resmi sapar bilen geldi. Ýerewanyň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli türkmen myhmanyny Ermenistanyň ýokary derejeli resmi wekilleri garşyladylar. Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtomobil kerweni saparyň dowamynda Türkmenistanyň Baştutanynyň kabulhanasy bolan döwrebap “Radisson Blu” myhmanhanasyna geldi. 24-nji awgustda irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurban...
TÜRKMENISTANYŇ OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINIŇ DESGALARY-GINNESIŇ REKORDLAR KITABYNDA
?Guinness World Records» kompaniýasynyň wekilleri Aşgabadyň täze gözel ýerleriniň käbir desgalaryny ölçegleri boýunça iň irisi hökmünde bellige aldylar. Olary tassyklaýan güwänamalara laýyklykda, ekologiki taýdan iň arassa serişdeler ulanylyp gurulan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalar we paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti...