SOŇKY HABARLAR
AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI OLIMPIÝA ŞÄHERJIGI ÖWÜŞGIN ATÝAR
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda gazanan ýokary depginli özgertmeleri bilen sebitde we dünýäde durnuklylygyň nusgasy bolmaga dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy senagat döwletine öwürmek ugrunda ähli ähli pudaklara ägirt uly möçberlerde maýa goýumlar gönükdirilýär. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaşyny alýan taryhyna we baý medeniýetine goýýan sarpasynyň subutn...
TÜRKMENISTAN V AZIÝA OÝUNLARYNA TAÝÝARLANÝAR
Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe güýçli depginler bilen özgerýän Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Türkmen halky bol-elin durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bimöçber tagallalarynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde sport desgalary we mekdepleri gurlup ul...
TÜRKMENİSTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MASLAHAT
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy hem-de 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2016-njy ýylyň 1-nji iýunynda Ankara şäheriniň Hajettepe döwlet uniwersitetinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy: 2016-njy ýyl Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Malahata Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň käbir deputatlary, Söwda we...
TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE TÜRKMEN AKYLDAR ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI
2016-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Ankara şäherinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny geçirdi. Gül goýmak dabarasyna Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň...
TÜRKMENISTANYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY
2016-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.Amanlyýew Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana Ankara şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi. «Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar» diýlip, hatda aýdylýar. Türkmenistanyň Prezi...
Delide Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi
2016-njy ýylyň 13-nji fewralynda, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyny ýerine ýetirmek çarçuwasynda, şeýle hem, 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Nýu Deli şäheriniň «Täj Mahal» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Hindi-Türkmen Dostluk Jemgyýeti bilen bilelikde «Garaşsyzlygynyň we ösüşiň 25 ýyly: Türkmenistan we Hindistan» atly...