SOŇKY HABARLAR
The President of Turkmenistan received the Extraordinary and Plenipotentiary Ambassador of Italy
On January 11, 2023, President Serdar Berdimuhamedov received the newly appointed Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Italian Republic to Turkmenistan Luigi Ferrari, who presented his credentials to the head of state. The diplomat conveyed warm greetings from the President of his country, Sergio Mattarella, who addressed the wishes of happiness and prosperity to all the Turkmen people, emphasizing that the development of a long-term partnership with dynamically developing Turk...
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ýaşlary diplomatiýanyň ähli görnüşlerini işjeň öňe sürmäge çagyrdy
2023-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň, Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleriniň, institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre guraldy. Bu şygar duşuşygyň mowzugyny, şeýle hem ý...
Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Parlament Assambleýasynyň umumy mejlisine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 8-10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen Aziýa Parlament Assambleýasynyň (APA) 13-nji umumy mejlisine gatnaşdy. "Üýtgeýän halkara dinamikasynda köptaraplaýynlygy ösdürmek" temasy bilen geçirilen duşuşyga dünýäniň 27 ýurdundan wekiliýetler gatnaşdy. Mejlisiň Açylyşynda Aziýa Parlament Assambleýasynyň Baş sekretary Muhammet Reza Majidi, Türkiýäniň...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy
2023-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mahdi Safari bilen duşuşdy. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary giňeltmekde iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhümdig...
“Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi
Aşgabat halkara hepdeliginiň çäginde 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen "Dialog - parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy "Parahatçylyk medeniýeti" gün tertibiniň 14-nji bendine laýyklykda BMG Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-nyň alty resmi dilinde neşir edildi (A / 77/651 ). Resminama, jedelleri parahatçylykly ýollar we usullar bilen çözmek baradaky borçnamalary öz içine alýan BMG-niň Tertipnamasynyň esasy maksat...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy
2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň täze ýylda daşary ýurda ilkinji saparynyň 6-njy ýanwarda bellenilen şanly sene — Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelendigini bellemek zerurdyr. 5-nji ýanwarda Prezidentimiziň uçary Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutany...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştuta...