SOŇKY HABARLAR
AHALYŇ TÄZE EDARA EDIŞ MERKEZINE ŞÄHER DEREJESI BERILDI WE “ARKADAG” DIÝLIP ATLANDYRYLDY
2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Hökümetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýip atlandyrmak çözgüdine gelnendigi baradaky habary aýtdy. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçiriler. Şol bir wagtda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2370 gektar ýeri Arkadag şäheriniň dolandy...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Söhbetdeşler türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meselelerine ähmiýet bermek bilen, taraplaryň köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we täze tapgyra gadam basan özara peýdaly hyzmatdaşlygy mund...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdirilýän hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ileri tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysady ugurda Türkiýäniň uzak möhletli ygtybarl...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ DUŞUŞYGY
14-nji dekabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew bilen duşuşdy. Taraplar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň geljek ugurlarynyň ara alyp maslahatlaşmagynyň barşynda dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňledirmek üçin uly mümkinçili...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
Şu gün, 14-nji dekabrda Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklary ösdürdmek barada pikir alyşdylar. Esasan hem söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa...
«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýokary derejedäki üçtaraplaýyn gepleşikleriň öň ýanynda, ýagny 2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda geçirilen duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň barşy, ählumumy hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, birinji sammit...
TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ ULAG ULGAMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY “AWAZADA” DUŞUŞDYLAR
2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ugurda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil hem-de demir ýollar arkaly gatnatmagyň häzir...