SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKSOÝ-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdylar hem-de onuň ileri tutulýan ugurlaryna seredip geçdiler. Şol bir wagtda, taraplar türki dilli halklaryň baý medeni mirasynyň goranyp saklanylmagyna, öwrenilmegine we dünýäde ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň TÜR...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy. Şeýle hem, sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wlasimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ II HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞMAGY
2022-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Forumyň umumy mejlisiniň çäklerinde hazarýaka ýurtlarynyň arasynda energetika, söwda we maýa goýumlary, ulag we logistika, «ýaşyl» ykdysadyýet we durnukly ösüş, telekeçilik işi, ylym we innowasiýalar, amatsyz sanitariýa-epidemiologiki ýagdaýlaryna garşy göreşmek ýaly birnäçe ugurlar...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruis Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň esasy görkezijileriniň biri ýokary derejeli gepleşikler bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Ko...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de şu baýramçylyk günlerinde Aşgabada gelip görmek mümkinç...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK BOÝUNÇA MAGLUMAT
2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisiniň çäklerinde döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň häzirki wezipeleri barada hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ilkinji nobatda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we me...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET NEBIT MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady, husu...