SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ ADATDAN DAŞARY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün, 11-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň nobatdan daşary mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýär. Mejlisde...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 9-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ysraýyl Döwletiniň Syýahatçylyk ministri Ýoel Razwozow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny, hususan hem ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, oba hojalygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, tehnologiýa we ylym, şonuň ýaly-da syýahatçylyk we bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary h...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Gazagystanyň Daşary işler ministri M.B.Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň çygrynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, tarapl...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine tiz sagalmak baradaky arzuwlaryny beýan etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana hat iberdi we türk Lideriniň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hatynda “Gujur-gaýratyňyz we güýçli erkiňiz bilen Siziň bu keseli gysga wagtda ýeňip geçjekdigiňize berk ynanýaryn” diýip belledi we durmuşyň şu agyr günlerinde hemmetaraplaýyn goldamaga we zerur bolan halatynda ýarda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PEKINDE GYŞKY OLIMPIÝA OÝUNLARYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Ozal habar berilşi ýaly, 2022-nji ýylyň 4-nji fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti HHR-nyň Başlygynyň çakylygy boýunça Pekine geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşy mynasybetli geçirilen dabaraly çärä gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekindäki XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy Türkmenistanyň spo...
PEKINDE TÜRKMENISTANYŇ WE HHR-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 4-nji fewralda Pekinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Agzasy, Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gazanylan ylalaşykla...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ IRI NEŞIRLERINIŇ WE TELEÝAÝLYMLARYNYŇ WEKILLERINE INTERWÝU BERDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe teleýaýlymlarynyň we abraýly metbugat serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Milli Liderimiz bilen guralan sowal-jogap söhbetdeşligine Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi, hanym Ýuý Sýaoşuan gatnaşdy. Hytaýyň belli teleýaýlymlarynyň we köp millionly okyjylary bolan metbugat serişdeleriniň wekilleriniň...