RSS

SOŇKY HABARLAR

23 Sen

«EKSPO-2020 DUBAÝ» BÜTINDÜNÝÄ SERGISINIŇ GURAMAÇYLARY BILEN WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary ministri O.Gurbannazarowyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň “EKSPO-2020 Dubaý” Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylar boýunça utgaşdyrjysy Omar Şehadeh bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we döwletleriň a...

DOWAMY
21 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNISEF-IŇ AŞGABATDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň baştutany Kristin Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler gazanylan üstünlikleri hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny belläp geçdiler. Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda çagalar üçin köpugurly durmuş hyzmatlarynyň kämill...

DOWAMY
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ŞHG-NIŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gonýar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Soňra döwlet Baştutanymyz ŞHG-niň sammitiniň geçirilýän...

DOWAMY
17 Sen

AŞGABATDA STATISTIKI MÜMKINÇILIKLERI BERKITMEGIŇ WE MILLI DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ UGURLARY BOÝUNÇA HASABATLARY HÖDÜRLEMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

17-nji sentýabrda statistiki mümkinçilikleriň berkidilmegi hem-de milli Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň meseleleri, şeýle-de Durmuş-ykdysady meýilnama we Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy boýunça hasabatlary hödürlemek babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça mejlis geçirildi. Duşuşygyň barşynda Durnukly ösüşiň maksatlarynyň Gün tertibi...

DOWAMY
17 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY

Şu gün, 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

DOWAMY
15 Sen

DAŞKENTDE BILELIKDÄKI HÖKÜMETARA TÜRKMEN-ÖZBEK TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagtynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-özbek toparynyň on altynjy mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Özbek wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbas...

DOWAMY
15 Sen

SUW HOJALYK MESELELERI BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Daşkent şäherinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Hökümetara toparynyň mejlisinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.Orazgeldiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ş.Ganiýew başlyklyk etdiler. Mejlisiň barşynda suw hojalyk desgalaryny ulanmak we Amyderýanyň suw serişdelerinden peýdalanmak boýunça hyzm...

DOWAMY