img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÜRKİÝE RESPUBLIKASY - ANKARA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Sebitara türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi M.Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Kyrsehir welaýatynyň Häkimi Murat Sefu Demirýürek bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başgada, duşuşykda iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrmagyň geljegine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, söhbetdeşler gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, türkmen wekiliýetiniň Türkiýäniň bu sebitine amala aşyran saparynyň geljekki hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyna mümkinçilik döretýändigini nygtadylar we Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

Mundan başgada, türkmen tarapy, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan köp sanly halkara derejesindäki çäreler, şeýle-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler boýunça maglumatlary ýetirdi.