img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÜRKİÝE RESPUBLIKASY - ANKARA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri türki dilli döwletleriň parlamentleriniň halkara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça komitetleriniň ýolbaşçylarynyň mejlisine gatnaşdylar

photo

2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen türki dilli döwletleriň parlamentleriniň halkara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça komitetleriniň ýolbaşçylarynyň mejlisine gatnaşdylar.

Bu forum parlament derejesinde türki dilli döwletleriň dostlukly hyzmatdaşlygyny goldamak, sebitleýin parlamentara gatnaşyklary ösdürmek hem-de parlamentarileriň ýurdunyň durmuş-ykdysady ösüşine işjeň gatnaşmagynyň oňyn tejribesini ýaýratmak maksadyny öz içine alýar.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleri öz çykyşlarynda ýurduň parahatçylykly diplomatiýa, ykdysady hyzmatdaşlyk, medeni dialog hem-de ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek ugrunda ygrarlydygyny nygtap geçdiler. Şeýle-de, Türkmenistanyň Mejlisiniň kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary bellenildi.