img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÜRKİÝE RESPUBLIKASY - ANKARA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan bilen Türkiýe migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

photo

2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa meseleleri boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Muhammet Selami Ýazyjy bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar degişli ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerine garadylar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Iki döwletiň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli işjeň gatnaşyklary saklamagyň wajyplygy bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmek üçin halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem nygtadylar. Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar.