Türkiýede Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahat we dabaraly çäre geçirildi
2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky Ilçihаnаsy (Аnkаrа ş) wе Bаş kоnsullugy (Stаmbul ş) tаrаpyndаn Türkiýäniň Uşak uniwersitetinde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy maslahat we dabaraly çäre geçirildi.
Geçirilen çära, Uniwersitetiň rektory we mugallymlary, bilim alýan türkmen we türk talyplary, Uşak welaýat Medeniýet müdürliginiň, dürli ylmy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalaryň, habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaraly çärede çykyş eden wekiller Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebit we halkara derejesindäki aýratyn ähmiýeti we özboluşly mazmuny barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem çäräniň dowamynda talyp ýaşlarymyz Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, milli tanslary bilen çykyş etdiler.