DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝADA ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY
![](https://turkey.tmembassy.gov.tm/static/uploads/0RLSjCHEoeLcIvBG2WuopcyWkNw2qO-920x340.jpg)
2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky ählumumy parahatçylyga, durnuklylyga we howpsuzlyga gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça tagallalary aýratyn bellenilip geçildi. Taraplar sebitleýin gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurlygyny hem-de şu ýylyň Türkmenistan, edil şonuň ýaly-da BMG üçin hem ähmiýetli bolup durýandygyny aýratyn nygtap geçdiler.