Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi
![](https://turkey.tmembassy.gov.tm/static/uploads/arjVNepCZjSJrgXj1VDlx3dDf1zrqO-920x340.jpeg)
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Stambuldaky Baş Konsullygynyň gatnaşmagynda 2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Ilçihananyň edara binasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi hem-de Stambul şäherindäki Baş konsuly, Türkiýäniň Strategiki düşünjeler institutynyň başlygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary, Türkmen-Türk dostluk jemgyýetiniň başlygy, “Sahipkyran” Startegiki gözleg merkeziniň baş hünärmeni hem-de Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.
Wideo aragatnaşyk maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada giňişleýin bellenilip geçildi hem-de gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan wideo ýazgylary görkezildi.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi öňe sürmekde halkara gural bolup durýandygy barada belläp geçdiler, Bitaraplyk syýasatynyň syýasy, ykdysady we medeni jähtleri barada giňişleýin beýan etdiler.