TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKIÝÄNIŇ BILIM MINISTRINIŇ GEŇEŞÇISINIŇ GATNAŞMAGYNDA WIDEOKONFERENSIÝA GURALDY
2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkiýäniň Bilim ministriniň geňeşçisi doktor Gökhan Ýüjeliň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw jaýynyň, şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üçin Sanly diplomatiýa boýunça göni wideoaragatnaşyk arkaly okuw geçirildi.
Okuw sapagynyň barşynda doktor Gökhan Ýüjel häzirki wagtda bütin dünýäde diplomatik ulgamyň täze ugry bolan sanly diplomatiýa ugruna aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de dünýäde ähli pudaklaryň sanly ulgama geçýän häzirki döwründe döwletleriň öz daşary syýasatyny netijeli hem-de has öwüşginli alyp barmak we şöhlelendirmek üçin sanly diplomatiýa ulgama geçmekliginiň ähmiýeti barada bellenip geçildi.
Geçirilen wideokonferensiýanyň dowamynda oňa gatnaşyjy talyplar bilen doktor Gökhan Ýüjeliň arasynda sanly diplomatiýa pudagy barada
sorag-jogaplar alşyldy.