img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÜRKİÝE RESPUBLIKASY - ANKARA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

photo

2017-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Wengriýanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Wengriýanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösüşi, halkara guramalarynyň, ylaýta-da BMG, ÝHHG we ÝB ýaly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we dürli halkara guramalaryň çarçuwasynda birek-biregiň halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny kanagatlama bilen bellediler.

Ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklaryny ösdürmek meselesiniň çäklerinde taraplar ýokary derejedäki saparlary gurnamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer ulgamynda taraplar iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bilimi, syýahatçylygy we sporty atlandyrdylar.