“ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahaty boýunça KHBS üçin habar

img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde gurady.

Adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine howpsuzlygy, berk we durnukly parahatçylygy üpjün etmek boýunça ählumumy çemeleşmäni ilerletmek, oňa ýardam bermek “Herekete çagyryş — Helsinki+50” başlangyjynyň çäklerinde geçirilýän bu möhüm köptaraplaýyn duşuşygyň esasy maksadydyr.

Bu foruma gatnaşmak üçin Aşgabada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfelt, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň edarasynyň agzalary, halkara bilermenler, görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärler, birnäçe ýurtlaryň, şol sanda Awstriýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň, Şweýsariýanyň we Fransiýanyň, sebitiň ýurtlary bolan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň parlamentarileri geldiler. Şeýle-de duşuşyga Türkmenistanyň käbir ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň, türkmen we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen dünýäde ýeke-täk ýurtdugy aýratyn nygtaldy. Häzirki günde bu hukuk derejesinden gelip çykýan esasy ýörelgeler — ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlardyr hyzmatdaşlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasyny düzýär.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmek, ynanyşmak we özara hormat goýmak diplomatiýasyny işjeň ilerletmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlary halkara dialogy parahatçylykly diplomatik akyma ugrukdyrmak boýunça umumy tagallalara saldamly goşant boldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. BMG-ä agza ýurtlaryň 68-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyjy dünýä halklarynyň parahatçylykda we ynanyşmakda ýaşamak däplerini pugtalandyrmak, parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetini halkara gatnaşyklaryň aýrylmaz şerti hökmünde kesgitlemek işinde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.

Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde kabul edilýän bu başlangyç BMG-niň Baş sekretarynyň ählumumy strategik töwekgelçilikleri azaltmak, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we parahatçylygy döretmäge maýa goýumlary gönükdirmek, sebitleýin öňüni alyş çärelerini goldamak boýunça ugurlary öz içine alýan Parahatçylygy gurmak üçin täze gün tertibini döretmek baradaky başlangyjy bilen sazlaşykly utgaşýar.

2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýene-de bir Kararnama — “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama BMG-niň agza ýurtlarynyň 193-si tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Hut şu mesele hem sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasynyň gurallarynyň işjeň ulanylmagyna ýardam bermäge gönükdirilen şu gezekki maslahatyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Çykyş edenler ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan anyk işleriniň ähmiýetine ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda sebit we halkara dialogy ösdürmek meselelerinde işjeň orun eýeläp, ÝHHG-niň, beýleki halkara guramalaryň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini nygtadylar.

Häzirki wagtda ÝHHG-niň bu geňeş edarasynyň düzümine gurama gatnaşyjy döwletleriň 57-sinden parlamentarileriň 300-den gowragy girýär. Türkmenistanyň Mejlisi 2014-nji ýylda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň doly hukukly agzasy boldy we şondan bäri hem onuň işine işjeň gatnaşýar. Uly tejribesi bolan bu düzüm gyzyklanma bildirýän döwletleriň saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilmegine we kanun çykaryjy edaralaryň işine ýardam berýär.

Şeýle-de sebitde gapma-garşylyklaryň irki döwürde öňüni almak we gapma-garşylyklardan soňky döwürde täzeden dikeltmek boýunça gurallary işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek Parlament Assambleýasynyň alyp barýan işiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu maksatlary gazanmak üçin ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy dürli gurallary, şol sanda netijeleýin Jarnamalary, her ýyl geçirilýän sessiýada kabul edilýän Kararnamalary we maslahatlary ulanýar.

Soňra geçirilen iş mejlisleriniň ikisinde polýar geosyýasat bilen baglylykda, bitarap giňişligiň ähmiýeti we ÝHHG-niň howandarlygynda umumy maksatlary hem-de wezipeleri ilerletmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky netijeli döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup çykyş edýän parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Umumy pikire görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli parlamentleriniň “Gün tertibi — 2030-yň” durmuşa geçirilmegine, Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna işjeň ýardam bermäge zerur mümkinçilikleri bardyr.

Çykyşlarda parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, ýaş parlamentarileriň hyzmatdaşlygyny goldamak, zenan deputatlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlary hem-de teklipleri aýratyn bellenildi. 2020-nji ýylyň dekabrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogy döredildi. Ol Merkezi Aziýanyň taryhynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan BMG-niň goldaw bermeginde döredilen ilkinji şeýle düzüm boldy.