Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 10-njy Newa halkara ekologiýa kongresiniň işine gatnaşdy

img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Sankt-Peterburgda geçirilýän onunjy Newa halkara ekologiýa kongresiniň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy umumy mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň daşky gurşawy goramakdan we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakdan ybaratdygy barada nygtady.

Amatly daşky gurşawy üpjün etmek, ýaşyl we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada bellendi. Daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi wagyz etmek we ýaş nesilleri ekologiýa taýdan terbiýelemek boýunça uly tagallalaryň amala aşyrylýandygy barada aýdyldy.

Ekologiýa we durnukly ösüş babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň tagallalary beýan edildi. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara ekologiýa gün tertibini düzmäge gönükdirilen başlangyçlary uly orun eýeleýär. Türkmenistanyň tebigaty goramak ugrunda BMG-niň birnäçe esasy konwensiýalaryna işjeň gatnaşýandygy, ugurdaş halkara guramalaryň çäklerinde uly işleriň alnyp barylýandygy, sebit derejesinde, şol sanda, Hazarýaka döwletleriniň derejesinde hyzmatdaşlyk edýändigi barada nygtaldy.

 

Şol günüň özünde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenko bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar dürli ugurlardaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky duşuşyklar we gepleşikler bu hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda kesgitleýji orna eýedir.

Parlamentariler ikitaraplaýyn gatrnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga mümkinçilik döredýän iki ýurduň parlamentarileriniň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky döwürde işjeň ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar parlamentara dialogy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça gepleşikleri, parlament işi babatda tejribe alyşmagy dowam etdirmek uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.