Ankarada Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak dabarasy geçirildi
2023-nji ýylyň 27-nji iýunynda Magtymguly Pyragynyň şygryýet we döredijilik güni mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan Ankaranyň merkezinde ýerleşýan “Türkmenistan” seýilgähindäki türkmeniň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak dabarasy guraldy.
Çärä birnäçe ýurtlaryň Ilçileri, Türkiýäniň mejlisiniň, dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, tanymal ýazyjylar, jemgyýetçilik işgärleri, talyplar, türkmen diasporasynyň hem-de köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabara gatnaşanlar beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlik taglymatyna, dünýä edebi hazynasynyň baýlaşdyrylmagyna we türkmen halkynyň akyl gymmatlyklaryna düşünmegine goşan goşandyna ünsi çekdiler. Medeniýetler arasyndaky dialogyň wajyplygy, şahyryň taryhy we ruhy mirasyny wagyz etmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle hem, dabarada Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOY) agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisiniň karary bilen 2024-nji ýyl Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilendigi we beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda, 2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň «Dünýa ýatlamasy» sanawyna girizilendigi bellenilip geçildi.
Gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, çärä gatnaşyjylara we seýilgähiň myhmanlaryna türkmen palawy hödür edildi.