ANKARADA SPORT WE SAGDYN DURMUŞ MEDENI ÇÄRE

2016-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna hem-de “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çärelere bagyşlanan sport çäreleri geçirildi. 
Sportuň dört görnüşi boýunça Hajettepe uniwersitetiniň döwrebap sport toplumynda geçirilen bu çärä Hajettepe uniwersitetiniň ygtyýarly wekilleri, Ankara şäherindäki uniwersitetlerde okaýan köp sanly türkmen talyplary gatnaşdylar. 
Türkmen talyplaryndan düzülen 8 topar sportuň kiçi futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, ýeňil atletika hem-de küşt ugurlary boýunça özaralarynda bäsleşdiler. Çäräniň jemleri jemlenensoň ýaryşlarda ýeňiş gazananlara Ilçihana tarapyndan medallar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Sport bäsleşikleri tamamlanandan soňra gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.