TÜRKMENISTANYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASYNDA METBUGAT MASLAHATY

2016-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy we 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli metbugat maslahaty geçirildi.

Metbugat maslahatyna Türkiýe Respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, has takygy TRT Habar, TRT AWAZ, Anadolu Agentligi, Habar Türk, Hürriýet, Hazar Dünýäsi, Star habar agentlikleriniň, Dünýä gazetiniň, Ata-Watan Türkmenistan we Turcomany žurnallarynyň, Türkiýe žurnalistler federasiýasynyň we beýlekileriň, şeýle hem Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy we 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýyly diýlip yglan edilme bilen baglanyşykly ýurdumyzda amala aşyrylýan işler we geçiriljek dabaraly çäreler barada maglumatlar paýlaşyldy.