BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini maliýeleşdirmek boýunça ilkinji çäräni geçirýärler
PRES - RELIZ
2018-nji ýylyň 9-njy iýuny, Aşgabat, Türkmenistan
Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) millileşdirmek bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň halkara maliýeleşdirilmegine mümkinçilikleri artdyrmak we maliýe çeşmelerini durmuşa geçirmek we dolandyrmak boýunça milli mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagynyň üstünde işleýärler.
Bilelikdäki başlangyçlaryň çäginde 2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda BMG-niň ÖM we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky «Beýik ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyny geçirdiler. Bu maslahata Türkmenistandan degişli ministrliklerden we edaralardan, halkara maliýe institutlaryndan, potensial maliýe goýýanlar bolup durýan hususy edaralaryndan we telekeçilik banklaryndan 150-den hem köp hyzmatdaşlar, şeýle hem BMG-niň ÖM-dan we beýleki halkara guramalaryndan ösüş ugrundaky bilermenler gatnaşdylar.
Çäräniň maksatlarynyň biri – ýurduň durnukly ösüşiniň öňdebaryjy maksatlaryna, degişli maliýe zerurlyklaryna we gerek bolan çeşmeleriniň, esasan hem halkara maliýe institutlaryndan we hususy maýadarlaryndan dürli usullaryna bilelikde düşünilmegini emele getirmek bolup durýar.
Halkara maslahatynyň çäginde gatnaşyjylar Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşine ýardam berjek TOPH gaz geçirijisi ýaly Türkmenistanda ösüş we infrastruktura boýunça alnyp barylýan anyk taslamalara garadylar.
Maslahata gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdirmekde Türkmenistanyň üstünliklerini, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, olara gözegçilik etmek we hasabatlary ýöretmek maksady bilen milli utgaşdyryjy gurluşyň döredilendigini, şol sanda 2019-njy ýylda ýokary derejedäki Syýasy forumda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrlyşynyň gidişi barada ilkinji meýletin milli syny bermek baradaky çözgüdini kanagatlanmak bilen belläp geçdiler.
«Degişli maliýeleşdirilmegi gazanmak 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini amala aşyrmagyň aýrylmaz bölegidir. Dünýä ykdysadyýetinde serişdelerde ýetmezçilik ýokdygyna garamazdan, bize ösüşi maliýeleşdirmek bilen bagly hyzmatdaş gatnaşyklary, oýlanyşykly meýilnamalaşdyrmak, ýolbaşçylyk we birnäçe döredijilikli pikirler gerek», diýip Ýewropa we GDA üçin BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň sebitleýin edarasynyň başlygynyň orunbasary Rastislaw Wrbenskiý öz çykyşynda belläp geçdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedow öz çykyşynda: «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek wajyp wezipe bolup, jebisliligi we bilelikdäki anyk hereketleri talap edýär» - diýip, öz çykyşynda belläp geçdi.
«Öz üstümize alan halkara borçnamalarymyza ygrarlygymyza berk eýerip, Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri, halkara guramalary, maliýe institutlary, ýoriteleşdirilen edaralary we düzümleri bilen giň we işjeň hyzmatdaşlyga geljekde hem taýýardygymyza öz tarapymyzdan uly jogapkärçilik bilen habar berýäris» diýip, ministriň orunbasary belledi.
Maslahata gatnaşyjylar döwlet maliýe ulgamyny kämilleşdirmekde Türkmenistanyň tagallalaryny goldadylar we içerki maliýe serişdelerini bir ýere jemlemek üçin býujet kadalaşdyrylmagynyň möhümdigini bellediler.
Hususy ulgamy ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky meseleler boýunça hökümetiň nukdaýnazary bilen bagly bagly meseleleri, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi amala aşyrmagyň maksatlarynda ikitaraplaýyn döwlet we hususy maliýeleşdirilmelerini höweslendirmek boýunça artykmaçlyklar we çäklenmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň netijeleri boýunça jemleýji reminama kabul edildi, şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.