Türkmenistan BMG-niň suw meseleleri boýunça sebit düzüminiň döredilmeginiň başyny başlaýar
2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG tarapyndan yglan edilen “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan Ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.
Bir ýarym sagatlyk uçuşdan soňra Prezidentimiziň uçary Täjigistanyň paýtagtynyň iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Belent mertebeli myhmana gül desseleri gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden Halkara maslahatynyň geçirilýän ýerine—Täjigistan Respublikasynyň Hökümet kabulhanasynyň binasyna tarap ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlar üçin ýörite bellenilen ýere bardy, bu ýerde milli Liderimizi Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli garşylady.
Forumyň işine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn, Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany Abdulla Abdulla, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Lýu Çženmin, dünýäniň 110-dan gowrak ýurdundan ýokary derejeli wekiliýetler, Birleşen Milletler Guramasynyň käbir düzümleriniň, halkara we sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, işewür toparlaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekilleri gatnaşdylar.
Foruma gatnaşyjy wekiliýetleriň baştutanlarynyň resmi bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra “Kohi Soman” Köşgüniň Uly mejlisler zalynda “Durnukly ösüş üçin suw” atly Halkara maslahatynyň dabaraly açylyşy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öü çykyşynda ýygnananlara ýüzlenip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine we Birleşen Milletler Guramasyna bu Maslahata gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik hem-de Forumy geçirmek üçin döredilýän ajaýyp şertler üçin minnetdarlygyny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, syýasy, ykdysady, durmuş ugurlaryny öz içine alýan suw meselesi halkara derejesinde bir pikire gelinmegini hem-de umumy dünýä garaýyşlar ulgamynda döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Şunda, aýry-aýry bähbitlerden hakykat ýüzünde ählumumy maksatlar, uzak möhletleýin geljek üçin suw babatynda hereketleriň bitewi strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy ileri tutulmalydyr.
Şunuň bilen baglylykda, suw meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli usullaryny işläp taýýarlamagyň zerurlygy äşgärdir. Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasynyň esaslandyrylmagynyň bu ugurda netijeli çäreleriň biri bolup biljekdigini belläp, milli Liderimiz halkara bileleşiginiň hut şeýle hyzmatdaşlykda suw we suw-energetika meseleleriniň çözgüdini tapmakda toplan tejribesiniň netijeli peýdalanylmagynyň mümkindigine ynamyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti sebitiň döwletlerine hem-de BMG-niň Müdiriýetine bu meselä düýpli garamak baradaky teklip bilen ýüzlendi.
Türkmen tarapynyň öz hyzmatdaşlary bilen hökümet, kanunçykaryjylyk we bilermenler derejesinde özara gatnaşyklara, özara peýdaly tejribeleri alyşmaga, halkara guramalary bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Foruma gatnaşyjylaryň hemmesine netijeli işlemegi arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Halkara maslahatynyň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, ýokary derejeli wekiliýetleriň baştutanlary “Kohi Somon” Köşgüniň Uly maslahatlar zalyndan çykdylar.
Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbä iş saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany Abdulla Abdulla hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Günüň ikinji ýarymynda Hormatly Prezidentimiz Duşenbe şäheriniň halkara howa menziline geldi we bu ýerden watanymyza ugrady.