“Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi badalga aldy
Şu gün Lebap welaýatynda “Amul — Hazar 2018” awtorallisi badalga aldy.
Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçýän bu deňsiz-taýsyz awtomobil ýaryşyny geçirmek başlangyjy oňyn özgertmeleriň döwlet strategiýasyny öňe süren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, türkmenistanlylary, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine işjeň çekmek bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
“Amul — Hazar 2018” rallisiniň geçirilmeginiň özi hem Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygyny, milli Liderimiziň durmuşa geçirýän parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu ýaryşa dünýäniň ähli künjeklerinden ussat türgenler gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Hut döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu ägirt uly taslama ýaryşy geçirmek baradaky pikir öňe sürleninden bary-ýogy ýarym ýyl geçenden soň, doly möçberde durmuşa geçirildi. Ine-de, sabyrsyzlyk bilen garaşylan gün gelip ýetdi. Amyderýanyň kenaryndaky şähere dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan: Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Çehiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Italiýadan, Saud Arabystanyndan we beýleki döwletlerden ýaryşa gatnaşyjylar geldiler. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň — abraýly täzelikler neşirleriniň onlarçasynyň, halkara teleýaýlymlaryň, sport portallarynyň we beýlekileriň žurnalistleriniň wekilçilik edýän ýurtlarynyň sany şondan hem köpdür. Şu günden başlap, daşary ýurtly tomaşaçylar gepleşikler arkaly ýaryşlaryň barşyna syn edip bilerler.
Düýn sport ulaglarynyň ekipažlary administratiw barlagdan we tehniki gözegçilikden geçdiler, ýaryşyň geçjek ugry bilen tanyşdylar — olara ýol kitapçasy gowşuryldy. Bu kitapça bolsa ýol kagyzçasyndan, ýaryşyň geçýän ugry boýunça ýerleriň kartasyndan ybaratdyr. Brifingiň dowamynda ýaryşyň ýolbaşçylaryna howpsuzlyk kadalary we ýaryşlaryň şertleri boýunça düşündiriş berildi. 10-njy sentýabrda agşam rallä gatnaşyjylaryň dabaraly ýörişi geçirildi. Bu ýörişi milli Liderimiz kabul etdi.
Awtoralliniň tertibine laýyklykda, badalgadan öňki zolakda Ýapyk Park tertibi hereket edýär. Irden ekipažlar bu ýere özleriniň awtoulaglaryny getirdiler. Şondan köp wagt geçmänkä-de, hemmeler ýaryşyň badalga alýan ýerine bardylar. Şol ýerde prologa — kwalifikasion ýaryşa taýýarlyk görmek başlandy. Bu ýaryşda ralliniň birinji tapgyry üçin badalga belgileri kesgitlenilýär. Prologyň uzynlygy 9 kilometre barabardyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoralliniň badalga alýan ýerine gitmezden öň, awtomobil sürüjisiniň sport lybasyny geýip, ulagyň zerur bolan tehniki taýýarlygyny geçirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz bellenilen ýere gelip, özüniň 100-nji belgili sport awtoulagynda ýörite ýol boýunça belli aralygy geçip, prology açýar.
Milli Liderimiz tejribeli türgen hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolmak bilen, bu babatda ildeşlerimize, aýratyn hem ýaşlara görelde görkezýär. Şu gün döwlet Baştutanymyz ýene-de sport awtoulagyny sürmegiň ajaýyp tärlerini görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň ussatlyk bilen dolandyrýan “100” belgili awtoulagy ýolsuz ýerden öňe okdurylyp, öwrümlerde hem-de tebigy päsgelçiliklerden geçilende badyny birjik-de peseltmedi.
Ýaryşyň şu bölegi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz “Amul — Hazar 2018” taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory Žan-Lui Şlesser bilen söhbetdeş boldy. Ol döwlet Baştutanymyzdan prolog barada gürrüň bermegi haýyş etdi.
Milli Liderimiz meşhur sürüjini Amyderýanyň kenarlaryndan badalga alan sport baýramçylygy bilen gutlady. “Ýaryşyň geçýän ýoly barada aýdylanda, her bir türgen ýaly, men hem bar ünsümi ýola gönükdirdim” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ata-babalarymyzyň her bir uly işi hoşniýetli arzuwlardan başlamak baradaky wesýetlerine eýerip, men hem ähli toparlara tüýs ýürekden ak ýol we elbetde, ýeňiş arzuw etmek isleýärin.
Žan-Lui Şlesser köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda bu giň möçberli çäräniň — “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň geçirilmegi, bu ýaryşlaryň umumy pikiri barada döwlet Baştutanymyzyň pikirini sorady.
— Sport — bu hemişe gowy zatdyr, çünki ol halklary we ýurtlary jebisleşdirýär, munuň özi bütin dünýäde durnuklylyk we parahatçylykdyr. Şoňa görä-de, dürli ýurtlardan köp sanly türgenler gatnaşýan şu günki ýaryşy uly baýramçylyk hasaplaýaryn. “Amul — Hazar 2018” eko ralli-reýdi örän uly ähmiýete eýedir, onuň ady Türkmenistanyň hemişe Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde bu ýol gaýtadan dikeldilýär. Ýaryşa gatnaşyjylar Amuldan Hazara çenli bu taryhy ýoly öz gözleri bilen görerler, tebigatyň gözelliginden, türkmen topragynyň landşaftlaryndan, onuň gadymy ýadygärliklerinden lezzet alarlar. Ralliniň ýolunyň esasy bölegi Garagum sährasynyň içinden geçer. Bu çölüň täsinligi biziň myhmanlarymyzy ruhlandyrar we olara güýç-kuwwat berer diýip, döwlet Baştutanymyz jogap berdi.
Söhbetdeşligiň barşynda ralliniň ekologiýa derejesine aýratyn üns berildi. Çünki ýaryşlaryň şu görnüşi zyýanly zyňyndy gazlar, CO2 bilen bagly bolandygy sebäpli, onuň guralyşynda ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri öň hatara çykaryldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistan özüniň syýasatynda daşky gurşawy goramaga hemişe uly ähmiýet berýär diýip, milli Liderimiz nygtady we “Amul — Hazar 2018” rallisine gatnaşyjylaryň Türkmenistanda çykarylýan ekologiýa taýdan arassa “EKO-5” ýangyjy bilen üpjün edilendigini belledi.
Biz şeýle hem gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benzini öndürmegi göz öňünde tutýarys. Munuň özi sportuň bu görnüşiniň geljekde has-da ösmegini üpjün eder. Dünýäde bolup geçýän ýagdaýlar — howanyň ýylamagy, tebigy betbagtçylyklar jemgyýetçiligiň aňynda ekologiýa jogapkärçiligini hem-de daşky gurşawa aýawly garamak ýörelgeleriniň kemala getirilmegini öň hatara çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen degişli Kararnamalary kabul edendigini nygtady.
Žan-Lui Şlesser döwlet Baştutanymyzy “Africa Eco Race” guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyna we uly gyzyklanma bildirýändigine, şeýle hem daşky gurşawy, ekologiýany hem-de tebigaty goramak wezipelerini çözmek boýunça ýurdumyzda edilýän tagallalar barada tutuş dünýä gürrüň bermäge çalyşýandygyna ynandyrdy.
— Biz siziň bilen bilelikde eko-ralli reýdi meselelerine degip geçdik. Munuň özi häzirki döwürde bütin dünýäde uly ähmiýete eýe bolan ekologiýa, daşky gurşaw meseleleri bilen baglanyşyklydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Beýleki bir möhüm mesele bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” rallisiniň ugry bilen baglanyşyklydyr. Biz siziň bilen bu täze Ýüpek ýoluny döredýäris. Ol häzirki döwürde ulag we üstaşyr geçelgeleri meselelerinde, multimodal ulgamy, modal ýoluny döretmekde uly ähmiýete eýedir, bu bolsa esasy zatdyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Munuň özi geoykdysadyýet we geosyýasatdyr hem-de biziň ulag we üstaşyr geçelgeleri baradaky başlangyçlarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen goldanyldy.
Milli Liderimiz amala aşyrýan möhüm işi üçin Žan-Lui Şlessere minnetdarlyk bildirip, şu halkara ýaryşy guraýjylar toparynyň ýokary hünär derejesini belledi we olara minnetdarlyk sözlerini beýan etdi hem-de türgenlere şowlulyk, ak ýol we täze üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz we Žan-Lui Şlesser “Amul — Hazar 2018” awtorallisiniň ýolunyň aýratynlyklary barada pikir alyşdylar. Fransiýaly ussat ýaryşlaryň ýokary derejede guralandygyny aýdyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa goldawy we ýaryşa gatnaşandygy hem-de söhbetdeşlige wagt tapandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
Şol wagt ýaryşyň beýleki gatnaşyjylarynyň kwalifikasion tapgyry boldy.
Soňra ýaryşyň uzynlygy 247 kilometre barabar bolan birinji tapgyryna badalga berildi.
83 ekipaždan ybarat bolan rallä gatnaşyjylaryň awtoulaglary birinji tizlikli tapgyryň badalga alýan ýerinde öz orunlaryny eýelediler we şondan köp wagt geçmänkä-de, ýola düşdüler. Ýaryş başlandy!
Şonuň bilen birlikde, türkmen halkynyň taryhyna özboluşly syýahat hem başlandy. Çünki ýaryşlaryň sport babatdaky ähmiýetinden başga-da, “Amul — Hazar 2018” taslamasy möhüm medeni wezipäni hem ýerine ýetirip, bütin dünýä ýurdumyzyň täsin mirasyny görkezmek üçin ajaýyp mümkinçiligi açýar. Türkmenabada girilýän ýerde ýerleşen gadymy Amul ralli-reýdiň başlangyç nokady boldy.
Birmahallar ol baý söwda şäheri bolupdyr, şol ýerde bazarlarda uly söwda guralypdyr hem-de kerwensaraýlarda durmuş gaýnap-joşupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynyň biri hem şol ýerden geçipdir. Bu ýol boýunça Günbataryň we Gündogaryň ýurtlarynyň arasynda diplomatik, ykdysady, ylmy gatnaşyklar amala aşyrylypdyr. Dürli harytlardan ýüki ýetirilen düýe kerwenleri halkara hyzmatdaşlygyň esasy serişdesi bolupdyr we hökümdarlaryň howandarlygyndan peýdalanypdyr. Olar ýurduň bazarlaryny harytlardan dolduryp, ykdysadyýetiň ösmegini goldapdyrlar.
Amul beýik Amyderýanyň kenarynda I — IV asyrlarda Kuşan şalygynyň strategik taýdan möhüm merkezleriniň biri hökmünde peýda bolupdyr. Häzirki wagtda hem onuň şähristanynyň hem-de 100 ýyl mundan ozal hem ulanylan galasynyň könelişen diwarlary seleňläp görünýär. Şäher IX — XII asyrlarda gülläp ösüpdir, onuň söwda-senagat merkezi 175 gektara ýetip, sebitiň möhüm söwda ýollarynyň çatrygyna öwrülipdir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda belleýşi ýaly, işjeň halkara gatnaşyklar şol ýerde ýaşaýan halklaryň medeniýetiniň ösmegine hem oňaýly täsir edipdir. Şoňa görä-de, gadymy siwilizasiýalaryň ajaýyp gazananlarynyň biri bolan Beýik Ýüpek ýoly adamzat taryhynda ilkinji gezek Ýewropadan Hytaýa çenli ägirt uly giňişlikde ýaşaýan dürli halklary ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik beripdir. ÝUNESKO-nyň Komitetiniň teklibi boýunça aýry-aýry şäheriň ýa-da ýadygärligiň däl-de, eýsem, taryhy-medeni täsinlik, tapgyrlaýyn desga hökmünde Ýüpek ýolunyň özüniň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi üçin görkezilmegi hem kanunalaýyk ýagdaýdyr. Oňa gatnaşýan ýurtlaryň her biri, şol sanda Türkmenistan hem esasy kerwen ýollary bilen baglanyşykly kerwensaraýlaryň, gadymy galalaryň, ýerli mukaddeslikleriň hem-de beýleki desgalaryň atlarynyň onlarçasyny kesgitlediler.
Olaryň hatarynda Amul hem bar. Rallä gatnaşyjylar hem onuň taryhy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Olar bu ýere, gadymy döwürlerdäki kerwenler ýaly, Gadymy Merwiň we Marguş ýurdunyň üstünden geldiler. Elbetde, häzirki döwürde tizlik örän ýokarydyr, tehnikalaryň mümkinçilikleri hem günsaýyn artýar, ýöne, ulag serişdeleriniň many-mazmuny öňküligine galýar. Munuň özi hereket we goşulyşmakdyr! Bu täze sepgitleriň we mümkinçilikleriň açylmagydyr! Munuň özi abadançylyga we ösüşe tarap hereketdir! Bu pikirleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag syýasatynyň özenini düzýär.
Dürli reňkli baýdaklar we “Amul — Hazar 2018” rallisiniň nyşanlary bilen bezelen sport awtoulaglarynyň kerweni bu syýasaty durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, giň halkara hyzmatdaşlyga hem-de ýakynlaşmagyň, hyzmatdaşlygyň, tutuş adamzadyň umumy wezipelerini çözmegiň täze ýollaryny gözlemäge taýýar ýurt hökmünde Türkmenistan barada bütin dünýä jar eder.
Elbetde, sport bu köpugurly taslamanyň özenidir. Onda dürli ölçegler we düşünjeler jemlenendir. Olaryň biri-de, ýeňşe bolan isleg we ruhubelentlikdir. Şolar ýurdumyzda sporty ösdürmegiň esasy ugrukdyryjysyna öwrüldi.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça halkara awtorallisini köpçülikleýin ylgamak we welosipedli ýörişi geçirmek pikiri milli Liderimize degişli bolup, ol ildeşlerimiziň ählisi, aýratyn hem türgenlerimiz tarapyndan gyzgyn goldawa mynasyp boldy. Olar milli Liderimize aladasy hem-de uly ünsi üçin çäksiz hoşallyk bildirýärler. Bu iri ýaryşlarda ýurdumyza Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sporty merkezinden hem-de Awtomobil sporty boýunça milli federasiýadan 15 topar wekilçilik edýär. Şol toparlar şu ýylyň maý aýynda saýlama ýaryşyndan geçdiler. Hormatly Prezidentimiz hem Garagum sährasynyň üstünden geçýän ýol boýunça guralan ýaryşa gatnaşyp, ajaýyp netije görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda iri sport ýaryşlaryny geçirmek üçin zerur şertleri döretmäge uly ähmiýet berýär, olara halklary we sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýän medeniýetleri birleşdirýän çäreler hökmünde garaýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda degişli döwrebap düzümi döretmek boýunça giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy we şunuň bilen birlikde, jemgyýetimizde sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, türkmenistanlylary, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesli bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek boýunça maksada laýyk çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ençeme döwletinden toparlaryň gatnaşmagynda badalga alan awtoralli diňe bir ýurdumyzyň sport abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda awtomobil sportuny mundan beýläk-de giňden wagyz etmäge ýardam eder.
Bu ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça işleri mundan beýläk-de utgaşdyrmak meseleleri şu gün Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, beýleki düzümleriň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem meýletinçi talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş tertibinde dessin meýilnamalar anyklanyldy, kömekçileriň ähli toparlarynyň jogapkärçiligi we borçlary barada ýene-de bir gezek gürrüň edildi.
“Amul — Hazar 2018” awtorallisiniň köp sanly myhmanlaryň ýadynda köp wagtlap galjakdygy hem-de ýurdumyzyň parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hökmünde sportuň ornuny pugtalandyrmakda ýene-de bir goşandy boljakdygy şübhesizdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, rallä gatnaşyjylar Türkmenistanyň tebigatynyň gözelligini, onuň gaýtalanmajak landşaftlaryny öz gözleri bilen görerler, milli medeniýetiň etnografik özboluşlylygy, häzirki döwrüň okgunly ösüşi bilen tanşarlar.
Sport awtoulaglarynyň geçjek ýolunyň ugrunda 4 sany düşelge: Mary welaýatynda “Mary” düşelgesi, Ahal welaýatynda “Garagum ýalkymy” düşelgesi, Daşoguz welaýatynda “Altyn asyr» Türkmen köli” düşelgesi we Balkan welaýatynda “Sport meýdançasy” düşelgesi ýerleşýär. Pellehana “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýär. Ýaryşlaryň geçjek ýolunyň uzynlygy 1571 kilometre barabardyr. Ýaryşlaryň geçjek ýolunyň ugrunda we tehniki hyzmat nokatlarynda “Tiz kömek” ulaglary, lukmançylyk we ýangyna garşy göreş toparlary nobatçylyk edýärler. Düşelgeleriň golaýynda kiçi awiasiýa üçin gonuş meýdançalary döredildi.
Ýoluň ähli böleklerinde sport awtoulaglaryny dikuçarlar ugradýar. Şolardan diňe bir gepleşikler alnyp görkezilmän, eýsem, çalt hereket etmek zerurlygy ýüze çykan halatynda ýagdaýlaryň seljermesi amala aşyrylýar. Adamyň saglygyndan başlap, tebigy gurşawa çenli howpsuzlyk “Amul — Hazar” rallisini guramagyň we geçirmegiň kesgitleýji ýörelgesi boldy. Bu taslama meşhur toparlaryň, dünýäde ady belli sürüjileriň köpüsiniň gatnaşmaga isleg bildirmeginiň özi hem türkmen rallisiniň geljekde awtomobil sporty boýunça abraýly ýaryşlaryň senenamasyna girizilmegini çak etmäge esas berýär.
Hawa, dünýä derejesindäki ýaryş bolan “Dakar” bar. Bu örän çylşyrymly ýaryşa dünýäniň iň gowy sürüjileri gatnaşýarlar (indi ol Afrikada geçirilmeýär). Indi şoňa meňzeş bolan “Africa Eco Race” awtorallisi bar. Onuň ugry Marokkonyň, Mawritaniýanyň we Senegalyň üstünden geçýär. Ilkinji gezek 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen “Ýüpek ýoly” ralli-reýdi hem bar, häzirki wagtda bolsa bu ýaryşlar Ýewropanyň özboluşly çempionatyna öwrüldi. Aýratyn hem ekologiýa çemeleşmesini nazara almak bilen, “Amul — Hazar” rallisi hem şolaryň hatarynda mynasyp orun eýeläp biler. Şeýle çemeleşme eýýäm Žan-Lui Şlesser tarapyndan “Africa Eco Race” awtorallisinde ulanylýar. Türkmen çölünde geçirilýän şu ýaryş hem Afrika ralli-reýdi üçin saýlama tapgyrdyr.
Şu gün rallä gatnaşyjylar ilkinji ýörite aralykdan geçmeli boldular. Ol sürüjilerden diňe bir tizligi däl, eýsem, şturmanlaryň hüşgärligini talap etdi. Garagum sährasynyň içinden geçýän ýol boýunça ýaryşyň netijeleri hut şturmanlaryň eserdeňligine bagly boldy.
Nämälim, kähalatlarda bolsa geçmesi kyn ýerlerden guralan ýaryş — bu uly synagdyr. Ýöne hut şeýle usulda ekipažyň başarjaňlygy hem-de maksada okgunlylygy, onuň jebisligi, şeýle hem awtomobiliň çydamlylygy barlanylýar. Ralli-reýd — bu töwekgellik we başdan geçirmelerdir. Şolarda dostluk, arkadaşlyk ruhy ähli zatdan ileri tutulýar. Diňe bir pellehana ilkinji bolup gelen türgenler däl, eýsem, pellehana gelenleriň ählisi ýeňiji diýlip hasap edilip bilner.
...Ine, ilkinji ýörite aralygyň pellehanasyna awtomobiller yzly-yzyna gelýärler. Pellehana ilkinji bolup, 100-lik belgili ulagyň ekipažy geldi!
Az salymdan soň, ekipažlara Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş araçäginden daş bolmadyk ýerde, Mary şäherinden 250 kilometr uzaklykda gurlan düşelge garaşýar. Bu ýerde rallä gatnaşyjylar myhmansöýerlik, aýdym-saz bilen garşylandy, olara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy, dürli görnüşli tagamlar hödürlenildi.
Şol wagt mehanikler işe girişdiler. Olaryň wezipesi awtomobilleriň ýagdaýyny doly gözden geçirmekden we dikeltmekden ybaratdyr. Gündiz bu ýere uly ýol bilen tehniki maşynlar, ugurdaş toparlar, ýaryşy guraýjylar we žurnalistler, beýleki işgärler geldiler.
Şäherjigiň ugry boýunça hatara düzülen, ahalteke bedewlerine atlanan atlylar demir “atlaryň” ägirt uly sürüsini goraýana meňzeýär. Milli amaly-haşam sungatynyň eserleri ýerleşdirilen pawilýonlar gündogar bazaryny ýatladýar. Owadan nagyşly halylaryň we keçeleriň, el işleriniň, täsin sowgatlyk önümleriň sergisi häzirki zaman türkmen dokma önümleriniň sergisi bilen dowam etdirildi.
Syratly hem-de owadan ahalteke bedewlerinden başga-da, alabaýyň güjükleri daşary ýurtly myhmanlary haýran galdyrdy. Myhmanlar şolbada güjüjikler bilen dostlaşdylar we olarda rallä gatnaşýan awtomobilleri hem-de köp sanly banerleri bezeýän Wepalynyň keşbini gördüler.
Ertir, 12-nji sentýabrda ýaryşyň ikinji güni geçiriler. Rallä gatnaşyjylar uzynlygy 228 kilometr bolan ýola çykyp, ýaryşyň nobatdaky tapgyryna girişerler. Indiki düşelge olara türkmen sährasynyň merkezinde, “Garagum ýalkymy” diýen ýerde garaşar.
Şu gün çäreler tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada ugrady.