TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GYNANÇ HATY

Onuň Alyhezreti
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti
jenap Rejep Taýyp ERDOGAN

 

Siziň Alyhezretiňiz,
Gadyrly doganym,


Gaziantep şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly, meniň çuňňur gynanjymy kabul ediň.
Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmekde we ony ýok etmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar.
Şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjymyzy hem-de medet beriji sözlerimizi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlarymyzy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen, 

                                                                                                                         Türkmenistanyň Prezidenti
                                                                                                                    Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 

Aşgabat, Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşgi
2016-njy ýylyň 22-nji awgusty