BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisindäki Türkmenistanyň ileri tutulýan başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda ýurduň ýolbaşçysynyň saparynyň maksatnamasy bilen tanyşdyryp, çykyş edenler gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýokary münberinden beýan etjek ýurdumyzyň ileri tutulýan başlangyçlary barada habar etdiler.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alar. Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň ugry ýurdumyzyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşinde, ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşinde, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň birnäçesinde agza bolmagy bilen kesgitlener.
Şu mejlisiň barşynda ýurdumyz Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä we sebit meseleleri babatda halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işini dowam eder. Türkmenistan ýaragsyzlanmak, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny we beýleki ýaraglaryň görnüşlerini ýaýratmazlyk, terrorçylyk, ekstremizm, neşeleriň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek babatda döwletleriň bilelikdäki tagallalaryny halkara bileleşigiň işinde ileri tutulýan ugurlar hasaplaýar.
Durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy has-da berkitmek, ulag, energetika, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri aýawly ulanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda halkara giňişliginde hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň işiniň ileri tutulýan ugurularynyň biri bolar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda häzirki zaman döwletinde ýaşlaryň hukuk derejesini kesgitlemek bellenildi, çünki ýaşlar düýpli durmuş-jemgyýetçilik görkezijisi hökmünde çykyş etmek bilen jemgyýetiň we döwletiň geljekki oňyn we innowasion ösüşini kesgitleýärler.
Brifingiň dowamynda daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleri we diplomatlar üçin gyzyklanma bildirýän soraglaryna jogap almak mümkinçiligi berildi.