Şanhaýda geçirilýän IMPORT EXPO sergisinde türkmen ykdysadyýetiniň gazananlary we geljegi görkezilýär

Şanhaýyň Halkara sergi toplumynda import harytlarynyň Hytaýyň halkara birinji sergisi geçirilýär, onda ýurtlaryň 80-den gowragy öz gazananlaryny we önümlerini görkezýärler. IMPORT EXPO-2018 sergisiniň 5-nji noýabrda bolan açylyşyna daşary ýurtlaryň we hökümetleriň baştutanlary gatnaşdylar, onda HHR-yň başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Çäre Bütindünýä söwda guramasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi guramasynyň howandarlygynda geçirilýär. 

Ýurdumyzyň wekilýetiniň hatarynda söwda we telekeçilik, saglygy goraýyş, oba senagat toplumy, dokma we himiýa senagaty ulgamlaryna wekilçilik edýän 20 adam bar. 81 inedördül meýdany tutýan milli sergide Türkmenistanyň söwda-ykdysady, maýa goýum, ylmy-tehniki, dynç alyş we medeni mümkinçilikleri, şeýle hem innowasion ösüşiň strategiýasynyň ugurlary, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri öz ýurdumyzda ýola goýmak we ýurdumyzda öndürilýän önümleri eksporta gönükdirmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan pudaklaýyn bölümleriň bäşisi bar. 

Dokma senagatynyň sergi bölümi bu ýere gelýänlerde aýratyn uly gyzyklanma döredýär, onda ekologiýa taýdan arassa matalar, egin-eşikler, esbaplar, trikotaž önümleri, milli nagyşlaryň nusgalary we beýlekiler görkezilýär. 

“Oba hojalyk we azyk senagaty önümleri” böleginde bu ýere gelýänler oba hojalyk önümlerini öndürijileriň we ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň önümleri bilen tanyşýarlar. Milli hyzmatlar we harytlar, şol sanda türkmen işewürler bileleşiginiň bölümi uly gyzyklanma döredýär. 

“Lukmançylyk enjamlary we dermanlyk-sagaldyş önümleri” bölümi saglygy goraýyş pudagynyň täzelikleri, bu ugurdaky öňdebaryjy usullar we hyzmatlar bilen tanyşdyrýar. 

Forumyň meýdançasynda geljekki hytaýly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar geçilýär, özara bähbitleri utgaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän tanyşdyrylyşlar guraldy. 

Türkmenistanyň wekilýeti söwda we innowasiýalar boýunça halkara forumynyň ugurdaş mejlisine, şeýle hem HHR-yň Täjirçilik minstrliginiň, Şanhaý şäheriniň hökümetinň we Şanhaýdaky Halkara söwda merkeziniň guran hyzmatlaryň söwdasy boýunça Ýewraziýa seminaryna gatnaşdy.