Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresine gatnaşdy
Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasyna S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresine gatnaşdy.
Geçenleri ýatlamak türkmen halkynyň köp müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen we nesilden-nesle geçip gelýän mukaddes dessurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, bu ýörelgeler mynasyp derejede dowam etdirilýär.
Bu bina Watanymyzyň garaşsyzlygynyň gazanylmagyna, özygtyýarlylygynyň berkidilmegine we bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegine mynasyp goşant goşan Saparmyrat Nyýazowyň ýagty ýadygärliginiň hatyralanmagy, bir ýyl mundan ozal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Gypjakda degişli muzeýiň açylmagy türkmen halkynyň bu ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Ir bilen milli Liderimiziň awtoulagy paýtagtymyzyň “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähiniň öňündäki meýdança geldi.
Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, din wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we köp sanly aşgabatlylar ýygnandylar.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda başlanan ýol häzirki döwürde möçberi boýunça ägirt uly wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol wezipeleri öňde goýmak bilen, olary üstünlikli çözýär. Biziň ýurdumyz häzirki döwürde baý taryhy tejribä hem-de milli däplere daýanyp, döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda özygtyýarlylygy pugtalandyrmaga, durnukly durmuş-ykdysady ösüşe, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga, netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmäge, ata Watanymyzyň abraýyny dünýä giňişliginde has-da artdyrmaga gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär.
Jemgyýetiň we döwletiň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistan döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe gidip, dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazowyň ýadygärligine tarap ugrady we onuň etegine gül dessesini goýdy. Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, çärä gatnaşyjylar gül desselerini goýýarlar.
Bu çäre halkymyzyň Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyralamak ýörelgesiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, S.A.Nyýazowyň ýagty ýadygärligi hatyralanyp, aýat-töwir okaldy.