TÜRKMENISTAN BILEN KOREÝA RESPUBLIKASY MEDENI-YNSANPERWER ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Medeniýet we jemagat diplomatiýasynyň işleri boýunça Baş direktory j-p Hong Seok Iniň ýolbaşçylygyndaky wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň uly kuwwaty hakynda aýdyp, taraplar, ilki bilen, bu gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljekde giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýlelikde taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ulgamyndaky Ylalaşygyň Taslamasy boýunça pikir alyşdylar, bu resminama Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak saparynyň çäklerinde gol çekilmegine garaşylýar.
Taraplar Medeniýet günleri, iki ýurduň sungat işgärleriniň gatnaşmagyndaky konsertler ýaly hem ikitaraplaýyn esasda, hem-de “Merkezi Aziýa+Koreýa” forumyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde bilelikde geçirilen çäreler görnüşindäki hyzmatdaşlygyň netijesinde toplanan oňyn tejribe barada pikir alyşdylar. Bu ulgamlardaky yzygiderli ýagdaýda amala aşyrylýan alyş-çalyş hakynda aýdylanda, koreý tarapy 2016-njy ýylda Seul şäherindäki “Dünýä ýurtlarynyň medeniýeti” muzeýinde Türkmenistanyň hemişelik ekspozisiýasynyň açylmagynyň wajyplygyny belledi.
Şeýle-de taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda diplomatik institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça teklipler berildi. Duşuşygyň barşynda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda, j-p Hong Seok In hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy babatdaky hoşallygyny bildirdi we iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary özdürmek üçin işleriň giň geriminiň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi.