Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy bellendi

2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän "Swiss" myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi.
Kabul edişlige Türkiýe Respublikasynyň Mejlisiniň käbir deputatlary, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzda işleýän işewür adamlar, daşary ýurt Ilçihanalarynyň, halkara guramalarynyň we Türkiýäniň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de Türkiýede işleýän ildeşlerimiz we bilim alýan türkmen talyplarymyz gatnaşdylar.
Resmi kabul edişlik dabarasyna türk tarapyndan hormatly myhman hökmünde Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez gatnaşdy. Şeýle hem, kabul edişlige Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň deputaty, türkmen-türk parlamentara dostluk toparynyň türk böleginiň başlygy Ibrahim Aýdemir we başga-da birnäçe deputatlar gatnaşdylar.
Çäräniň resmi böleginde çykyşlar boldy. Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistan-Türkiýe gatnaşyklary, Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzy ösdürmek ugrundaky alyp barýan içeri we daşary syýasaty hem-de ýurdumyzda syýasy we ykdysady ugurlarda ýetilen belent sepgitler barada beýan edildi.
Resmi kabul edişlik dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentiniň kitaplarynyň we türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň sergisi hem-de türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde folklor-tans çykyşlary guraldy.
Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, türkmen milli sazlarynyň astynda myhmanlara nahar we türkmen milli tagamlary hödür edildi.