Ankarada Magtymguly Pyragynyň heykeline gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” diýlip yglan edilen ýylda bellenýän ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän Türkmenistan seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Gül goýmak dabarasyna Türkiýe Respublikasyndan hormatly myhman hökmünde, bu ýurduň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alparslan, Daşary işler ministrliginiň Orta Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Ali Kaan Orbaý, Medeniýet işleri boýunça bölüminiň başlygy Aşkyn Çakmak, TÜRKSOÝ halkara medeniýet guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Bilal Çakyjy we beýleki wekiller gatnaşdylar.

Şeýle hem baýramçylyk çäresine Gyrgyzystanyň, Alžiriň, Moldowanyň  we Gruziýanyň Türkiedäki Ilçileri, Ankara şäherinde ýerleşýän birnäçe diplomatik wekilhanalaryň diplomatlary, Türkiýäniň käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkiýäniň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Türkiýäniň birnäçe jemgyýetçilik guramalarynyň, TÜRKSOÝ-yň, Türkmenistanda işleýän käbir türk şereketleriniň wekilleri, Anadolu habar agentliginiň, TRT telewideniýesiniň, we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň edebiýatşynas mugallymlary, Ankara şäherinde bilim alýan türkmen talyplary we raýatlarymyz hem-de beýleki adamlar gatnaşdylar.

Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň liderliginde ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşiň kämil belentliklerine göterilýändigi hem-de ýurdumyzda we dünýäde nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmek we dünýä tanatmak boýunça durmuşa geçirilen işler barada çykyşlar edildi.