«Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň açylyş dabarasy

Düýn Balkan welaýatynyň Belek şäherçesinde ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijiniň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasynda Hormatly Prezidentimiz “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň nurbadyny towlamagynda gaz geçiriji boýunça tebigy gazyň ilkinji kub metrleri akyp ugrady. Döwlet Baştutanymyz şanly waka barada ýadygärlik hökmünde turba geçirijiniň ýüzünde ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Täze gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek” gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu ägirt uly maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak, şol sanda dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly möçberde ulanmagyň hasabyna artdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge ýardam eder. Umuman, bularyň hemmesi eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat eder.
Bu gaz geçirijiniň uzynlygy 733 kilometr bolup, onuň ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr tebigy gazy ibermäge niýetlenen we taslamanyň bahasy 2 milliard 500 million amerikan dollaryndan hem geçýär.
Bu gaz geçirijini gurmak barada karar kabul edilende, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň içerki talaplary göz öňünde tutuldy. Türkmenistanyň merkezi we gündogar sebitlerindäki örän baý serişdeli gorlary ýurduň günbatar sebiti bilen birleşdirmekden ybarat. Netijede, döwletimiziň günbatar sebitini senagat taýdan çalt depginler bilen ösdürmegi, bu ýerde häzirki zaman senagat we ulag üpjünçilik ulgamlaryny gurmagy, täze iş orunlaryny döretmegi maksat edinilýär. Bu maksat, öz nobatynda, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösdürmäge, dürli ugurlara maýa goýumlaryny çekmäge kuwwatly itergi bermekden ybarat bolar. Bu bolsa, Garaşsyz Baky Bitarap Watanymyzy senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwürmek boýunça strategik taýdan ileri tutýan ugurlarymyza doly laýyk gelýär.
Türkmenistan şu ýörelgeden ugur alýar we diwersifikasiýa strategiýasyna gyşarnyksyz eýerip, öz energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli ulgamyny döretmek boýunça anyk işleri amala aşyrýar. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzdan Hytaýa barýan transmilli gaz geçirijisi guruldy. Eýrana barýan ikinji gaz geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirildi. Ýaňy-ýakynda, 13-nji dekabrda Mary welaýatyndaky örän iri «Galkynyş» gaz käninden «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Bu taslamalaryň ählisi birek-birege hormat goýmagyň, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň mysalydyr, taslama gatnaşýan ýurtlaryň uzakmöhletli bähbitleriniň we ösüş maksatlarynyň umumydygyna düşünip, işe jogapkärli we anyk ýagdaýdan ugur alyp çemeleşmeginiň oňat nusgasydyr.