RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Noý

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary TDG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Astanada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň işine şeýle hem Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Wengriýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, TDG-niň, TürkPA-nyň we TÜRKSOÝ-yň baş sekretarlary, Türki akademiýasynyň, Türki medeniýeti we mirasy gaznasynyň, Türki maýa goýum gaznasynyň...

DOWAMY
pic
2 Noý

BMG-niň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk

2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 78 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky ýöriteleşdirilen edaralarynyň we agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräni açmak bilen, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmekde alyp barýa...

DOWAMY
pic
2 Noý

Türkmenistan bilen UNOPS-yň hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň (UNOPS) köp ýurtly edarasynyň direktory Freýa fon Grooteniň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara taslamalaryna hyzmat etmegiň çäginde UNOPS bil...

DOWAMY
pic
2 Noý

Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Çžini kabul etdi. Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Prezident Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda koreý tarapynyň özara hormat goýmak, oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan d...

DOWAMY
pic
2 Noý

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisine gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryň ileri tutulýan we geljegi uly ugurlarynyň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Ministrler iki döwletiň ýolbaşçylarynyň erki bil...

DOWAMY
pic
2 Noý

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda “Ýol kartasyna” gol çekildi

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda, “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we B.Saidowyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasyna”) gol çekişlik dabarasy geçirildi. “Ýol kartasy” Türkmenistan bilen Özbegista...

DOWAMY
pic
2 Noý

Aşgabatda “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäginde geçirilen çäreler

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäginde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaş telekeçileriň işewürlik maslahaty geçirildi. Işewürlik maslahatynyň birinji sessiýasy, Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda ýaşlaryň telekeçilik işini döwlet tarapyndan goldanylmagynyň çärelerine bagyşlandy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleri bu ugurda öz ýurtlaryndaky...

DOWAMY