RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Maý

BSG-NYŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekilleri, şeýle-de BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasynyň başlygy gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar dünýä ýurtlarynyň ählisiniň koronawirus pandemiýasyna g...

DOWAMY
pic
1 Maý

KHBS ÜÇIN HABAR

30-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň döwletara özarahereketleriniň möhüm guraly bolup durýandygy bellenilip geçildi. Häzirki ýagdaýlarda özara go...

DOWAMY
pic
29 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-GERMAN IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-german iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri we german tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Naýthart Höfer-Wissing gatnaşdylar. Taraplar Türkmenistan bilen GFR-yň arasyndaky däp bo...

DOWAMY
pic
29 Apr

Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Stambuldaky Baş Konsullygynyň gatnaşmagynda 2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Ilçihananyň edara binasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi hem-de Stambul şäherindäki Baş konsuly, Türkiýäniň Strategiki düşünjeler institutynyň başlygy, Y...

DOWAMY
pic
28 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝB-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýan bilen sanly wideo aragatnaşygy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gün tertibi dogrusynda pikirleri alyşdylar, şeýle-de dünýä jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň hemmetaraplaýyn özarahereketleriniň hem-de özara goldawlarynyň zerurlygyny nygtadylar. Onlaýn-söhbetdeşligiň ba...

DOWAMY
pic
28 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BSG-NYŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN ONLAÝN GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin Edarasynyň Direktory doktor Hans Klýuge bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşyndа Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejeliligi nygtalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap...

DOWAMY
pic
28 Apr

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETI BILEN BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ ARASYNDA TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda tegelek stol geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdylar.  Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt Maksatnamasynyň taslamasy  duşuşygyň esasy temasy boldy. Kanunyň hökmürowanlygy we ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, şeýle-de statistiki maglumatlaryň hili ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan...

DOWAMY