SOŇKY HABARLAR
HAZAR DEŇZI – GARA DEŇIZ HALKARA ÜSTAŞYR WE ULAG GEÇELGESI BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dört taraplaýyn iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaş...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary H.Aliýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk onlaýn-görnüşinde geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde gorlary peýdalanmak we özarahereket etmek ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyklarynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de gepleşikleriň çäklerinde öň gazanylan ylalaşyklaryň çarçuwasynda iki ýurduň ara...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony has hem pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet baştutanlary söwda, energetika, ulag we üstaşyr ýük da...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DEREJESINDE SYÝASY GEŇEŞMELER
2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Ikitraraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine meýillidiklerini mälim etmek bilen, taraplar sebitara meseleleriniň birnäçesini hem-de halkara giňişligindäki özarahereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň we daşary s...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ HOWANDARLYGYNYŇ ASTYNDA GEÇEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gatnaşyjy-döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň nobatdan daşary duşuşygy geçirildi. Mejlis wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda Türkiýäniň, Pakistanyň, Eýranyň wekilleri, şeýle-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy çykyş etdiler. Bu duşuşyk taraplara YHG-nyň ýurtlarynyň ara...
ÝB - MERKEZI AZIÝA KANUNYŇ HÖKMÜROWANLYGY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MAKSATNAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA ONLAÝN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda ÝB - Merkezi Aziýanyň kanunyň hökmürowanlygy boýunça sebitleýin maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan, duşuşyga ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilleri...
BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY (BSG) BILEN HYZMATDAŞLYK IŞJEŇLEŞDIRILÝÄR
2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy bilen Bütindünýä söwda guramasynyň hünärmenleri bilen onlaýn görnüşde iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BSG-niň hünärmenlerini ýurdumyzyň BSG-da synçy derejesini almagy üçin geçirilýän netijeli işler barada tanyşdyrdy. Mundan başga-da 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde we 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda...