SOŇKY HABARLAR
Ýulduz Jumabaýewa — agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň baýragyna eýe boldy
Agyr atletika boýunça Kataryň 5-nji halkara kubogy ugrunda Dohada geçirilýän ýaryşlarda türkmen topary ilkinji medaly gazandy. 49 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa çykyş edip, itekläp götermekde 100 kilogramy galdyrmagy başardy. Bu bolsa agyr atletikaçy türkmen türgenine bürünç medaly getirdi. Jemi göteren agramy boýunça 175 kilogram netije ýaryşda bäşinji görkeziji boldy. Ýaňy-ýakynda, noýabr aýynda agyr atle...
Türkmenistanyň DIM-de Gambiýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2018-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gambiýa Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň sekretary, Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ebrima Sisaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerindäki syýasy gatnaşyklarynyň netijeliligine ýokary baha berdiler. Şeýle hem duşuşyg...
Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stoluň başyndaky gepleşikler
2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stoluň başyndaky gepleşikler geçirildi. Tegelek stoluň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet min...
Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
2018-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edara binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň pudaklaýyn hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlary gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu dabara Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu, Türkiýe Respublikasy...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar! Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda giňden bellenýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, abadançylyk, eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmen...
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Garnik Badalýany kabul etdi. Оl döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýanyň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmeg...
Türkmenistanyň Ilçisiniň Rim Papasyna ynanç hatlaryny gowşurmagy
2018-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Watikandaky Mukaddes Pýotryň Ybadathanasynda Türkmenistanyň Mukaddes Tagtdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atageldi Haljanow (ýerleşýän ýeri Ženewa ş.) Watikanyň Baştutany Onuň Merhemetlisi Rim Papasy Fransiska öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Gysga gürrüňdeşligiň barşynda Türkmen Ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rim Papasy Fransiskiň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň...