SOŇKY HABARLAR
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna
Eziz watandaşlar! Hormatly bank ulgamynyň işgärleri! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birligi — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diý...
Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylara
Dünýä çempionatyna gatnaşýan eziz myhmanlar! Agyr atletikanyň hormatly türgenleri! Sizi dünýäniň sport taryhyndaky möhüm waka — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu çempionatyň örän ýokary derejede we üstünlikli geçiriljekdigine, parahatçylyk we dostluk, olimpiýa taglymatlaryny we ýörelgelerini rowaçlandyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn! Bedenter...
Türkmenistanyň DIM-de Owganystan Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň hem ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmek ugruna bolan meýillerini aýan etdiler, şeýle hem sebitdäki ýagdaýy we türkmen-owgan hyzmat...
Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide “Agriscape-2018” atly sergi-maslahatyna gatnaşdy
2018-nji ýylyň 29-30-njy oktýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde Oba hojalyk toplumyna maýa goýumlary çekmeklige hem-de azyk howspuzlygy meselelerine bagyşlanan “Agriscape” atly 2-nji sergi-maslahaty geçirildi. Sergi-maslahat BAE-niň Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň ýolbaşçylygynda hem-de BAE-niň Azyk howspuzlygy boýunça döwlet ministri Mariam Hareb Almeiriniň garamagynda Abu Dabiniň Azyk howsp...
Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda resmi iş saparynda boldy
2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet topary Azerbaýjan Respublikasynda resmi iş saparynda boldy. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň başynda türkmen-azerbaýjan ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklary, şeýle hem ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň...
Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň Kongresi geçirildi
2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) Kongresi geçirildi we onuň işine IWF-nyň wekilleri, Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurt we ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Kongresiň dowamynda gatnaşyjylara gutlag sözi bilen Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) Prezidenti doktor Tamaş Aýan, şeýle hem Türkmenistanyň Sport...
Nýu-Ýorkda durnukly ulagyň ösüşi boýunça tegelek stol geçirildi
2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen hem-de BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri baradaky departamentiniň (UN DESA), BMG-niň iň pes ösen ýurtlar, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlar we kiçi ada ösüp gelýän ýurtlar boýunça Ýokary wekiliniň Müdiriýetiniň (UN OHRLLS), Bütindünýä Bankynyň (WBG) we Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň (ICTD) ýardam bermeklerinde “2030-njy ýyla çenli hemmeler üçin ulagyň we ykj...