SOŇKY HABARLAR
Resmi habar
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde erkin bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini dowam etdirmek hem-de Türkmenistanyň raýatlary üçin elektrik energiýasynyň, gazyň, ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň ilatyna elektrik energiýasynyň, gazyň, agyz suwunyň we...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka öwrülen umumymilli maslahatyň gün tertibine türkmen döwletini we jemgyýetini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, esasy maksady halkymyzyň aba...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden ÇYKYŞY
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary! Hormatly ýaşulular! Şu gün biz dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirýäris. Bu waka Bitarap Watanymyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenýän mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öň ýanynda bolup geçýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana halkymyz we dünýä bileleşigi üçin örän ähmiýetli t...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Dün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyza atasy Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan “Edermenligi üçin” diýen medalyň dabaraly gowşurylyşy boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berd...
Watikanyň Törkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk
2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Apostol Nunsiaturasynyň (Watikanyň) Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Pol Fitspatrik Rassel bilen duşuşyk geçirildi. Watikan döwleti-şäheri bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar hakynda gürrüň edip, taraplar duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýeten derejesine oňyn baha berdiler. Ikitaraplaýyn g...
Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) h-m Mariýa Elina Liiwala bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdi we syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oň...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisindäki Türkmenistanyň ileri tutulýan başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda ýurduň ýolbaşçysynyň saparynyň maksa...