SOŇKY HABARLAR
PRESS-RELIZ
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabry – 2-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasyna laýyklykda ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurduň ýolbaşçysynyň tabşyryklaryna laýyklykda Türk...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Ahwaz şäherinde harby ýörişiň dowamynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylykly hereketler zerarly gynanç bildirdi. “Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar. Şu agyr purs...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan Gutlaglaryny ýollady. Milli Liderimiz Gutlagynda geçirilen saýlawlaryň netijesiniň Sindzo Abeniň ýurduň mundan beýläk-de ösüşi, halkara abraýynyň ýokarlanmagy, şeýle hem ýapon halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan ägirt uly şahsy tagallalarynyň goldanylýandygyny görkezendigini belled...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde peýda bolan Täjigistan Respublikasynyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Imomi Sodik Aşurboýzodanyň Duşenbäniň Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyny “soňa goýmagy” meýilleşdirýändigi hakyndaky beýan eden sözleri barada Täjik tarapyna özüniň düşünmezligini bildirdi. Täjik diplomatynyň ýokarda görkezilen beýannamasy boýunça Türkmen tarapynyň teswirleme...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşar
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin iş sapar bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine gitmegine garaşylýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýokary derejede geçiriljek mejlisiniň belent münberinden çykyş etmegi göz öňüne tutulýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasyna laýyk...
Türkmenistanyň paýtagtynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahaty boldy
2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahaty geçirildi. DTYB-nyň XXI maslahatynyň işiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra “Mekan” köşgünde maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, daşary ýurtlardaky türkmen kowçumlaryndan wekiller, DTYB-nyň toparlaýyn...
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy
2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabatda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky i...