RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Sen

«Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň jemleýji tapgyry we ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler

2018-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň jemleýji tapgyry we ýeňijilere sylaglary gowşurmak dabarasy geçiriler. Dört günüň dowamynda ähli türgenler medallar ugrunda çekeleşikli bäsleşikleri alyp bardylar. Ýöne sport hereketiniň bäsleşikli häsiýete eýe bolmagyna garamazdan, açyk we ynanyşmak gatnaşyklaryna, dostluga, özara düşünişmäge bolan gyzyklanma...

DOWAMY
pic
13 Sen

Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2018-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Ankara ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi h-m Phantipha Iamsudha Ekarohit bilen duşuşyk boldy. Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny beýan edip, türkmen tarapy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özaragatnaşyklaryň oňyn ne...

DOWAMY
pic
13 Sen

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi

2018-nji ýylyň 12-nji senýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygy, Iş dolandyryjysy Mahmud Waeziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy.  Gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda ýola goýlan gepleşikleri geljekde ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny beýan edip, taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy meselelerini ara alyp maslah...

DOWAMY
pic
12 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygy we iş dolandyryjysy Mahmud Waezini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna üstünlikler we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, jenap Mahmud Waezi milli Liderimizi düýn badalga alan, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki...

DOWAMY
pic
12 Sen

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, işgärlerine hem-de ähli diňleýjilerine

Hormatly professor-mugallymlar we diňleýjiler!  Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmeginiň şanly 10 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.  Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň milli ýörelgelerinden ugur alýan Garaşsyz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynyň ýokary depginli ösüşi öz gözbaşyny jemgyýetimiziň agzybirliginden, jebisliginden we halkymyzyň döredijilikli zähmetinden alyp gaýdýar.  Garaşsyz döwletimiziň...

DOWAMY
pic
11 Sen

“Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi badalga aldy

Şu gün Lebap welaýatynda “Amul — Hazar 2018” awtorallisi badalga aldy.  Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçýän bu deňsiz-taýsyz awtomobil ýaryşyny geçirmek başlangyjy oňyn özgertmeleriň döwlet strategiýasyny öňe süren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, türkmenistanlylary, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine işjeň çekmek bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.  “Amul...

DOWAMY
pic
11 Sen

«Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň başlanmagy mynasybetli maslahat

2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenabat şäheriniň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi mynasybetli maslahat geçirildi. Bu çärä «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça jogäpkär ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalary...

DOWAMY