SOŇKY HABARLAR
Berlinde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi açyldy
Germaniýanyň paýtagtynyň merkezinde, meşhur Muzeý adasynda ýerleşýän Täze muzeýde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi açyldy. Sergide ýurdumyzyň muzeýlerinden getirilen gymmatlyklar daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezilýär. Munuň özi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi hem-de iki ýyl mundan ozal güýje giren “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul e...
Daşkentde türkmen-özbek iewürler maslahaty geçirildi
2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde Daşkent şäheriniň “International Hotel Tashkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp, türkmen-özbek işewürler maslahaty geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, kärhanalarynyň we köp sanly beýleki hususy düzümleriň ýolbaşçylary we hünärmenl...
Daşkentde Türkmenistanyň Milli sergisi öz işine başlady
2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşkent şäherinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp guralan Türkmenistanyň Milli sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Uzeksposentr” Milli sergi kompaniýasynyň bilelikde guran bu serginiň baş maksady dostlukly ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi bolup durýar. Sergi ýurdumyzyň...
Hazarýaka döwletleriň wekilleri ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň üçünji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň we Gazagystanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda türkmen tarapynyň teklip eden Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzm...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary
2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkendiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanyndaky haly düşelen ýodanyň iki tara...
Ankara şäherinde türkmen talyplarynyň arasynda futbol bäsleşigi geçirildi
Ýurdumyzda 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilmegi we her ýylyň 5-nji apreli 5-nji maýy aralygynda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriň biraýlygy hem-de Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň üstünlikleri mynasybetli 2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Ankara şäherinde ýerleşýän Hajettepe döwlet uniwersitetiniň stadionynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara, Aksaraý, Kyrşehir we Uşak şäherlerinde bilim alýan tür...
Aşgabatda diplomatlaryň arasynda sport ýaryşlary geçirildi
Her ýyl ýurdumyzda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly çäreleriň biraýlygynyň Daşary işler ministrliginiň we Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň toparlarynyň gatnaşmaklarynda çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary gurnamak indi däp boldy. Bu ýyl onlarça toparlar we wekiller sportuň stolda oýnalýan tennis, küşt, woleýbol we kiçi futbol ýaly görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Stolda oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar Türkmen milli sport we syýahatçylyk institutynyň...