SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gan...
Maryda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň mejlisi geçirildi
2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda Mary şäherinde Türkmenistan- Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirirjisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň 25-nji mejlisi geçirildi, oňa taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Aziýa Ösüş Bankynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bu ägirt uly taslamanyň iş ýüzünde mundan beýläk-de amala aşyrylmagy boýunça möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, taslamany tapgyrlara böl...
Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy metbugat maslahatyny geçirdi
2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda daşary syýasy işleriniň jemleri hem-de ýurtda 2018-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara syýsy çärelere bagyşlanyp metbugat maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň wekilleri, ýurduň döwlet habarlar g...
BMG-niň Ženewadaky bölüminde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulaglar boýunça komitetiniň 80-nji sessiýasynyň çäginde «Beýik ýüpek ýoly: intermodal aragatnaşyk we taryhy ulag ugurlarynyň ähmiýeti» atly çäresi geçirildi
2018-nji ýylyň 20-nji fewralynda öz işine başlan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulaglar boýunça komitetiniň 80-nji sessiýasynyň çäginde 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Baş Assambleýanyň A/RES/72/212 belgili «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» kararnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan BMG-niň Ženewadak...
Türkmenistanyň ÝHHG-nyň ýanyndaky wekilýeti BMG-nyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasy boýunça beýannama bilen çykyş etdi
2018-nji ýylyň 19-njy fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhame...
2018-nji ýylyň 17-18-nji fewraly aralygynda“Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni” mynasybetli geçirilen sport ýaryşlar
2018-nji ýylyň 17-18-nji fewraly aralygynda “Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni” baýramçylygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Aşgabatda ýerleşýän daşary ýurt diplomatik we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň sport toparlarynyň gatnaşmagynda aşakda görkezilen sport ýaryşlar geçirildi: Basketbolyň 3x3 görnüşi - Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary istitutynyň sport toplumynda; 400 metr aralyga köpçülikleýin ylgaw - Magtymguly...
Ýerewanda BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek bilen bagly kararnama bagyşlanylyp brifing geçirildi
2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasy tarapyndan “Noýan Tapan” habarlar agentliginde Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ermenistanda akreditirlenen diplomati...