SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirlen maslahat
2018-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ylymlar Akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezide...
Kipryň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy
2018-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Leonidas S. Markidis bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra taraplar Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlaryny we ony işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri...
Martda geçiriljek saýlawlarda GDA, BMG, ÝHHG DIAHBE,ŞHG, YHG synçylarynyň gelmegine garaşylýar
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär. Ähli saýlaw okruglarynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň komitetleriniň hem-de raýatlar toparlarynyň ýygnaklary geçirilýär, şolaryň barşynda ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasyna, ýerli häkimiýet hem-de ý...
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy TOPH taslamasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, türkiýeli işewürleriň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge buýsanýandygyny belledi. Dürli ulgamlarda üstünlikli durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar bu hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şunda Türkiýäniň...
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça tegelek stol geçirildi
2018-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamasy bilen tanyşdyrmaklyga bagyşlanan tegelek stol görnüşindäki mejlisi geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen hyzmatdaşlyk esasynda gurnaldy. Tegelek stolyň işine Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletl...
Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25-ýyllygy bellenildi
2018-nji ýylyň 9-njy fewralynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçihanasy bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň, Ylymlar Akademiýasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň ýardam bermeklerinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan-Täjigistan Respublikasy: 25 ý...
Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirdi
2018-nji ýylyň 8-nji ferwalynda Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasynda bolýan ýurdunyň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi, onuň barşynda gatnaşyjylar 2017-nji ýylyň esasy jemleri we 2018-nji ýylda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Brifingde Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçisi 2017-nji ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin netjeli bo...