RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Few

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy (oturýan ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Berger bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gazanylan üstünlikler we geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn özarab...

DOWAMY
pic
8 Few

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy

2018-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezi we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bu çäräniň guramaçylary boldular. Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň düzümine medeniýet ulgamyndaky ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, halk senetçiliginiň ussatlary girdiler....

DOWAMY
pic
7 Few

Türkmenistanyň Prezidenti Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň çäklerinde bina edilen durmuş maksatly desgalaryň iri toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda halkara ölçeglerine kybap düzümi döretmek - milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup, adam hakynda hemmetaraplaýyn alada onuň esasyny düzýär. Aşgabatda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gur...

DOWAMY
pic
7 Few

BMG-niň Ilat Gaznasynyň ýurt boýunça edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginde BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistan bilen 2018-2019-njy ýyllar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen gelen BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistan boýunça edarasynyň direktory Juliýa Walezeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetliligine laýyklykda dürli ugurl...

DOWAMY
pic
6 Few

Gruziýada “Türkmenistan - sagdyn durmuşyň we sport üstünlikleriniň ýurdy” ady bilen maslahat geçirildi

2018-nji ýylyň 6-njy fewralyndan Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Sport federasiýasy bilen bilelikde Tbilisi şäheriniň “Rooms” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Sagdyn durmuşyň we sport üstünlikleriniň ýurdy” ady bilen maslahat geçirildi. Agzalan maslahata, Gruziýanyň Parlamentiniň Sport we ýaşlaryň işleri boýunça komitetiniň başlygy M.Kawelaşwili, Gruziýanyň Sport federasiýasynyň başlygy Z.Bokolişwili, Gruziýanyň Turizm federasiýasyny...

DOWAMY
pic
6 Few

Hindistan Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

2018-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Azar Abul Hasan Han bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň başynda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp taraplar geljekde bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki...

DOWAMY
pic
5 Few

Pekinde syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-hytaý maslahaty geçirildi

2018-nji ýylyň 2-nji fewralynda Pekinde syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-hytaý maslahaty geçirildi. Ol ýurdumyzyň HHR-däki Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, “Şuangsýun” we “Beýçen” hytaý kompaniýalary bilen bilelikde guraldy. Duşuşyk döwlet düzümleriniň wekillerini, işewürleri, syýahatçylyk ulgamynda ýöriteleşen marketologlary, bilermenleri, awiadaşaýjylary, şeýle hem Hytaýyň habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady. Çär...

DOWAMY