SOŇKY HABARLAR
Serhetabat-Turgundy täze türkmen-owgan demir ýoly boýunça otlylaryň hereketi açyldy
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-mi...
Türkmenistanyň Seuldaky Ilçihanasynda brifing geçirildi
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Seuldaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy nukdaý-nazarlaryna we Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä KR-yň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, “Merkezi Aziýa - Koreýa” Hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň,...
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gan...
Maryda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň mejlisi geçirildi
2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda Mary şäherinde Türkmenistan- Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirirjisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň 25-nji mejlisi geçirildi, oňa taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Aziýa Ösüş Bankynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bu ägirt uly taslamanyň iş ýüzünde mundan beýläk-de amala aşyrylmagy boýunça möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, taslamany tapgyrlara böl...
Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy metbugat maslahatyny geçirdi
2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda daşary syýasy işleriniň jemleri hem-de ýurtda 2018-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara syýsy çärelere bagyşlanyp metbugat maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň wekilleri, ýurduň döwlet habarlar g...
BMG-niň Ženewadaky bölüminde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulaglar boýunça komitetiniň 80-nji sessiýasynyň çäginde «Beýik ýüpek ýoly: intermodal aragatnaşyk we taryhy ulag ugurlarynyň ähmiýeti» atly çäresi geçirildi
2018-nji ýylyň 20-nji fewralynda öz işine başlan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulaglar boýunça komitetiniň 80-nji sessiýasynyň çäginde 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Baş Assambleýanyň A/RES/72/212 belgili «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» kararnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan BMG-niň Ženewadak...
Türkmenistanyň ÝHHG-nyň ýanyndaky wekilýeti BMG-nyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasy boýunça beýannama bilen çykyş etdi
2018-nji ýylyň 19-njy fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhame...