RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Ýan

Duşenbede “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogyň ýokary wezipeli şahslarynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ýokary wezipeli şahslaryň nobatdaky 12-nji mejlisine gatnaşdy. Onuň işine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hem-de bu dowletleriň Täjigistanda akkreditirlenen ilçileri gatnaşdylar. Ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Me...

DOWAMY
pic
25 Ýan

Döwlet gullugy akademiýasynda BMG-niň ÖM bilen bilelikdäki taslamasyny dolandyrmak boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Akademiýanyň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasyny dolandyrmak boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda 2017-nji ýylda taslamany durmuşa geçirmegiň jemlerine seredildi, şeýle hem 2018-nji ýylda BMG-niň ÖM bilen hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlary bellenildi. Belli bolşy ýaly 2017-2019-njy ýyllara niýetlenen taslama Döwlet gullugy akademiýasynyň ösüşiniň meýilnamalaryny...

DOWAMY
pic
25 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hindistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň öz diplomatik wezipesini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Thatipamula Wenkata Nagedra Prasad bilen duşuşygy boldy.  Ilçi işlän döwründe Ilçihananyň işine berilen ýardam we goldaw üçin türkmen tarapyna çyn ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan we Hindistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ý...

DOWAMY
pic
24 Ýan

Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy

2018-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu iri möçberli medeni çäre türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýär. Medeni çärä gatnaşmak üçin Aşgabada Belarusuň medeniýet we sungat ussatlarynyň wekilçilikli topary geldi. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna medeniýet ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Aşgab...

DOWAMY
pic
24 Ýan

Londonda türkmen-britan işewur gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 21-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti nobatdaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirmek we Türkmen-Britan söwda senagat geňeşiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Londonda iş saparynda boldy. 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary  bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler we arkalaşyk işleri boýuça ministrliginiň Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlarynyň işleri b...

DOWAMY
pic
23 Ýan

TDIM-nde Halkara talyplar sporty federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Halkara talyp sporty federasiýasynyň Prezidenti Oleg Matysiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar talyp sporty ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmegiň meselelerine garadylar, şeýle hem Halkara talyp sporty federasiýasynyň we Türkmenistanyň sport edaralary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyklygy barada aýdyp, Türkmenistanyň Daşa...

DOWAMY
pic
19 Ýan

2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Ulag diplomatiýasynyň üstünlikleri mynasybetli Metbugat maslahaty geçirildi

2018-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň üstünlikleri mynasybetli Ilçihana tarapyndan metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahatyna Türkiýe Respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, has takygy “TRT Awaz” döwlet teleýaýlymynyň, “Anadoly agentligi”, “Türk habar agentligi”, “TR...

DOWAMY